Ösümlikler diňe bir öýüňize bezeg bermän, eýsem siziň saglygyňyz üçin hem alada edýär. Öýüň içiniň howasyndaky zyýanly maddalaryň ýok edilmegine kömek edýär. Şeýle hem otag güllerine ideg etmek adamda ýakymly duýgulary döredýär. Otag güllerine ideg etmek häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen has-da aňsatlaşyp barýar. Bir-iki ýyl mundan ozal, “Parrot” şereketi otag güllerine ideg etmek üçin niýetlenen akylly enjamy köpçüligiň dykgatyna hödürläpdi. Şahsy iş hem-de durmuş aladalaryndan ýaňa otag ösümliklerine ýeterlik derejede ideg etmäge wagty ýa-da mümkinçiligi bolmadyklar üçin bu enjam uly sowgat bolupdy.
Peýdaly otag ösümlikleriniň käbiri barada
gysgaça maglumatlar:
- Fikus: ol göze ýakymly, sada hem-de howadaky dürli zeperli maddalaryň ýok edilmegi bilen tapawutlanýar. Bu otag ösümligini suwarmak bilen bir hatarda ýapraklaryny kagyz süpürgiç bilen arassalamak maslahat berilýär, şonda fikusyň has köp kömegi deger.
- Boston paporotnigi ýa-da islendik bezeg üçin ulanylýan paporitnik ösümligi. Ol howadaky kelleagyry, dem almaga kynçylyk döredýän formaldegid, ksilol we toluol ýaly zyýanly maddalary arassalamaga kömek edýär. Şeýle hem nem bölüp çykaryp, otagyň guraklygyna garşy göreşmäge mümkinçilik berýär.
- Palma areka: otagyň howasyny arassalamaga kömek edýär we ýörite idegi talap etmeýär.
- Spatifillum: howany arassalamak bilen bilelikde heňe garşy göreş alyp barmaga hem kömek edýär. Şonuň üçin hammam otagynda penjire bar bolsa, ol ýere şu otag ösümligini goýmak peýdalydyr.
- Filodendron: islendik şertlerde ösýän hem-de idegi ýönekeý otag ösümlikleriniň biridir. Bu otag ösümligi hem beýlekiler ýaly howany arassalamaga kömek edýär.
Aknur Hamraýewa,
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň talyby.