Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin Mosk­wada­ky “Ýe­si­po­wa” se­na­gat zo­la­gyn­da gur­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň “Mer­ce­des-Benz” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ňil aw­tou­lag önüm­çi­lik za­wo­dy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti “Da­im­ler AG” aw­to­kon­ser­ni­niň ýol­baş­çy­sy Di­ter Setşe hem-de Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Pe­ter Alt­ma­ýe bi­len bi­le­lik­de za­wo­dyň önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri­ni aý­la­nyp gör­di. Rus Li­de­ri aw­tou­la­gyň ka­po­ty­na go­lu­ny çek­di.
Bu önüm­çi­lik mer­ke­zi ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Rus­si­ýa­da­ky il­kin­ji za­wo­dy­dyr. Onuň gur­lu­şy­gy 2017-nji ýy­lyň tom­sun­da baş­la­nyp­dy. Za­wo­dyň tas­la­ma kuw­wa­ty her ýyl 25 müň aw­tou­lag ön­dür­mek­den yba­rat. Bu ýer­de 1000-den gow­rak adam iş­lär. Ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy Russiýada “Ka­maz” şereketi bilen hyz­mat­daş­lyk e­dýär. Bu iki kom­pa­ni­ýa bi­le­lik­de ýük ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ni hem alyp bar­ýar. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da rus ba­za­ry­nyň Ýew­ro­pa­nyň iň ulu­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di.