2017-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda geçirilen seljermeleriň netijesine görä, ýewropalylaryň dörtden biri günde azyndan iki gezek, 37 göterimi günde bir gezek, 36 göterimi bolsa, käwagt miwe iýýär.
Ýewropanyň Statistika edarasy bu maglumatlary täzeledi. Şoňa laýyklykda, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň raýatlarynyň 23 göterimi miwe iýýär, günde azyndan iki gezek gök önümler bilen iýmitlenýär, 40 göterimi bolsa, günde bir gezek gök önüm iýýär.
Italiýalylar miweleriň dürli görnüşleri bilen gündelik iýmitlenmekde öňdebaryjy hasaplanýar. Ilatyň 85 göterimi günde bir gezek miwe iýýär. Ikinji orunda Portugaliýa (81%) gelýär. Ýewropa Bileleşiginde bu ugurdaky ortaça görkeziji 64 göterime deňdir.
Gök önümler bilen iýmitlenmekde Irlandiýa bilen Belgiýa öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtlaryň raýatlarynyň azyndan günde bir gezek gök önümlerden iýmeginiň görkezijisi 84 göterime deňdir. Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki 28 ýurtdan 18-siniň ilatynyň 50 göterimden 80 göterimine çenli aralygy her gün gök önüm iýýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem her gün uly adamlaryň azyndan 400 gram möçberinde gök önüm we miwe iýmegini maslahat berýär.
Güljahan NURLYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.