Şu ýylyň ahyrynda Gruziýada elektromobil öndürilip başlanar. Ekologik taýdan arassa ulagyň önümçiligi bilen “Aigroup” we “Changan” kompaniýalary meşgullanar. Bu iki kompaniýanyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
Ylalaşyga laýyklykda, Gruziýada öndüriljek ulag diňe bir içerki bazara ýerlenmän, eýsem, Kawkaz sebitine, Merkezi Aziýa we Ýewropa hem iberiler. “Changan” kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk Gruziýanyň ykdysadyýetine ep-esli girdeji gazandyrar. Ilkinji nobatda, täze iş orunlary dörär. Ikinjiden, Gruziýada öndürilen ilkinji elektromobil derejesine eýe bolar.
Häzirki döwürde şeýle görnüşli ulaglara isleg barha artýar. 2025-nji ýylda ekologik taýdan arassa ulagyň ulanylmagynyň geriminiň has-da giňemegine garaşylýar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, Gruziýanyň ilkinji elektromobiliniň bahasynyň 23 müň dollara barabar boljakdygy aýdylýar.