Dün­ýä­niň iň uzyn duz­ly go­wa­gy Ys­ra­ýyl­da­ky Mal­ham go­wa­gydyr. 1980-nji ýyl­lar­da ta­py­lan we So­dom dag­la­ry­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän bu go­wak­da tä­ze­den yl­my-bar­lag iş­le­ri ge­çi­ril­di.
Iu­ri­sa­li­miň ýew­reý uni­wer­si­te­ti­niň go­wak öw­re­ni­ji alym­la­ry hal­ka­ra meý­le­tin­çi­ler to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de la­zer en­jam­la­ry ar­ka­ly go­wa­gyň uzyn­ly­gy­ny gaý­ta­dan öl­çe­di­ler. Go­wa­gyň uzyn­ly­gy 10 ki­lo­metr­den gow­rak bol­dy. Mun­dan ozal, dün­ýä­niň iň uzyn duz­ly go­wa­gy hök­mün­de uzyn­ly­gy 6,6 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Eý­ran­da­ky Na­mak­dan go­wa­gy ha­sap­lan­ýar­dy.
Mal­ham go­wa­gy 100-den gow­rak grot­dan yba­rat. Go­wa­gyň ýa­şy­nyň 7 müň ýyl­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le se­re­de­niň­de, bu örän ga­dy­my hem ha­sap­lan­ma­ýar. Ha­ky­kat­da ol iň ýaş go­wak­la­ryň bi­ri­dir.

Dawut ÇARLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.