Dünýäniň iň uzyn boýly syýasatçysy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäher häkimliginde işleýär. Şäher geňeşiniň agzasy hem-de Bruklin etrabynyň wekili Robert Kornegi dünýäniň iň uzyn boýly syýasatçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň boýy 208 sm. Ol mundan ozalky rekordçy, 1979-njy ýylda aradan çykan britaniýaly syýasatçy Luis Glýukşteýnden 7 santimetr uzyndyr.
“The New York Times” gazetiniň habaryna görä, Korneginiň boýunyň uzyn bolmagy onuň durmuşyndaky käbir meseleler bilen baglanyşyklydyr. Ähli ulaglar oňa kiçi gelýär. Şonuň üçin ol adatça işe metro arkaly gelip gidýär. Kornegi bilen bäsleşip biljek ýeke-täk döwlet işgäri – ol hem şäheriň meri Bill de Blaziodyr. Onuň boýy 198 sm.
Häzirki wagtda Kornegi şäher häkimliginde ýaşaýyş jaý we gurluşyk meseleleri boýunça komitetiň ýolbaşçysydyr.