Dünýäniň iň köp barlan muzeýleriniň sanawynda birinji orny Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki meşhur Luwr muzeýi eýeledi. Geçen ýyl bu muzeýe 10 milliondan gowrak adam baryp gördi. Muzeýe has köp adamyň barmagynyň esasy sebäpleriniň biri bu ýerde dünýä belli aýdymçy Beýonse we “Jay-Z” toparynyň şekilli aýdym taýýarlamagy boldy. Ol muzeýiň meşhurlygynyň 26 göterim artmagyna mümkinçilik berdi.
Sanawda ikinji orny Pekin şäherindäki Hytaýyň milli muzeýi, üçünji orny bolsa, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten muzeýi eýeledi.
Ilkinji bäşlige Watikanyň muzeýi hem-de Beýik Britaniýanyň London şäherindäki häzirki zaman Teýt galereýasy girmegi başardy.
Mundan başga-da, Londonyň milli galereýasy, Waşingtondaky milli sungat galereýasy, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Ermitaž muzeýi, Londondaky Wiktoriýa we Albert muzeýi iň bir gelim-gidimli muzeýleriň hatarynda öňdäki orunlary eýeledi.
Aýgül ÇARYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.