Häzirki wagtda dünýäniň tebigy gaz eksportunyň 40 göterimi suwuklandyrylan gazyň paýyna düşýär. 2040-njy ýylda bu görkezijiniň 60 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada nebitgaz bazarynyň öňdebaryjylaryndan “Royal Dutch Shell” britan-niderland nebitgaz konserni maglumat berýär. Onuň çaklamalaryna görä, häzirki wagtda tebigy gaz eksportunyň 60 göterimi turba geçirijiler, 40 göterimi bolsa, suwuklandyrylan gaz görnüşinde amala aşyrylýar. Ýene-de 21 ýyldan bu ýagdaýyň tersine bolmagyna garaşylýar.
Suwuklandyrylan gazyň önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlaryň biri Katar döwletidir. Pars aýlagyndaky energiýa serişdeleriniň baý goruna eýe bolan Katar 1990-njy ýylyň ortalarynda tebigy gaz eksportuna uly ähmiýet berip, tebigy gazy suwuklandyrmak we olary saklamak üçin täze-täze terminallar we rezerwuarlar gurdy. 2018-nji ýylda Katar Alžirden we Nigeriýadan öňe saýlanyp, Ýewropa bazaryna suwuklandyrylan gazy ýerleýän esasy ýurtlaryň biri boldy.
Häzirki wagtda bu bazarda täze bäsdeş döreýär. Ol hem Awstraliýadyr. Ummasyz tebigy gaz goruna eýe bolan Awstraliýa Aziýa ýurtlaryna tebigy gazyny turba geçirijiler arkaly satmak mümkinçiligine eýe bolmandygy üçin suwuklandyrylan gaz bazaryna ugrukdy. Şeýle hem bu bazarda Malaýziýa, Indoneziýa we Alžir ýaly ýurtlar bilen bir hatarda, Russiýa hem uly kuwwatlyklara eýedir.
Suwuklandyrylan gazy iň köp satyn alýan ýurt Hytaýdyr. Hytaýyň hökümeti ýurduň iri şäherlerinde howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin kömür ulanmagy kem-kemden bes edip, ekologiýa taýdan arassa tebigy gazdan peýdalanmaga başlady. Şanhaýyň “Hudong-Zhonghua” gämigurluşyk kompaniýasy dünýäniň iň uly suwuklandyrylan gaz daşaýan tankerini gurýar. Gämi 270 müň kubmetr energiýa serişdesini daşamak kuwwatyna eýe bolar. Gäminiň taslamasy Norwegiýanyň kömegi bilen amala aşyrylar. Bu babatda degişli resminamalar taýýarlanyp, 2020-nji ýylda gäminiň gurluşygyna girişiler. Hytaý 2018-nji ýylda 53 million tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldy.
Mundan başga-da, 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň tebigy gaza bolan isleginiň 540 milliard kubmetre deň boljakdygy mälim edildi. Bu barada ýurduň iň iri nebit we gaz öndürýän kompaniýasy bolan CNOOC-yň başlygynyň orunbasary Li Hueý habar berdi. 2019-njy ýylda Hytaýyň tebigy gaz zerurlygy 310 milliard kubmetr bolup, 2020-nji ýylda bu görkeziji 360 milliard kubmetre, 2025-nji ýylda 480 milliard kubmetre we 2030-njy ýylda 540 milliard kubmetre barabar bolar. Ýurduň çägindäki uglewodorod ýataklarynda 2019-njy ýyl boýunça öndüriljek gazyň mukdary 169 milliard kubmetre deň bolsa, bu görkeziji 2020-nji ýylda 200 milliard kubmetre, 2025-nji ýylda 242 milliard kubmetre we 2030-njy ýylda 290 milliard kubmetre barabar bolar. Şu ýylyň dowamynda Hytaý turba geçirijiler arkaly 57 milliard kubmetre golaý tebigy gaz satyn alar. Soňlugy bilen tebigy gazy satyn almagyň möçberiniň 2020-nji ýylda 63 milliard kubmetre, 2025-nji ýylda 121,8 milliard kubmetre we 2030-njy ýylda 126 milliard kubmetre deň boljakdygy bellenip geçilýär.
Halkara energetika agentliginiň (HEA) berýän maglumatyna görä, 2018-nji ýylda tutuş dünýäde tebigy gaza bolan isleg 4,6 göterim artdy. Bir ýylyň dowamynda ABŞ-nyň sarp eden tebigy gazynyň möçberi 80 milliard kubmetr, Hytaýyňky bolsa, 42 milliard kubmetr ýokarlandy. Dünýäniň tebigy gaz sarp ediş bazarynda Hytaýyň paýy soňky 10 ýylyň dowamynda 2 esse ýokarlanyp, 8 göterime deň boldy. 2018-nji ýylda Hytaý dünýäniň iň iri tebigy gaz satyn alýan ýurduna öwrüldi. Öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda Hytaýyň tebigy gaza bolan isleginiň ýurduň ykdysady ösüşine baglylykda has-da artjakdygy aýdylýar.
Suwuklandyrylan gazy täzeden tebigy gaza öwürmek kuwwatlylygy boýunça öňdeligi Ýaponiýa eýeleýär. 2018-nji ýylda 198 million tonna suwuklandyrylan gazy gaýtadan tebigy gaza öwürdiler. Bu ugurda ikinji orun Ýewropa degişlidir. Bu sebitiň görkezijisi 159 million tonna deňdir. Şeýle hem suwuklandyrylan gazy gaýtadan tebigy gaza öwürmek hökman däl. Ony suwuklandyrylan görnüşde-de ulanmak bolar. Ol dizelden we mazutdan has arassadyr. 2040-njy ýylda 6 müň gämi suwuklandyrylan gaz bilen hereket eder. 2018-nji ýylda Germaniýada diňe suwuklandyrylan gaz bilen işleýän ilkinji ýolagçy gämisi “AIDAnova” guruldy.