Mu­ze­ýin­de 4 sa­ny Ang­li­ýa­nyň çem­pi­on­lyk ku­bo­gy, 6 sa­ny FA Ku­bo­gy bo­lan “Nýu­kasl” to­pa­ry soň­ky ýyl­lar­da wag­tal-wag­tal aşa­ky li­ga­da çy­kyş ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da to­pa­ra kar­ýe­ra­sy ýe­ňiş­ler­den do­ly meş­hur is­pan tä­lim­çi­si Ra­fa­el Be­ni­tes tä­lim ber­ýär. 2015–16 möw­sü­min­de aşa­ky li­ga dü­şen we 1 möw­süm­den soň, ýe­ne-de “Pre­mi­er li­ga” do­la­nan “Nýu­kasl” to­pa­ry­nyň tä­sin ha­sa­ba­ty bar. “Nýu­kasl” to­pa­ry­nyň şu möw­süm­de “Pre­mi­er li­ga­da” 31-nji tap­gyr­dan soň, ha­sa­ba al­nan gör­ke­zi­ji­le­ri edil ge­çen ýyl­da­ky ýa­ly bol­dy. Ýag­ny to­par bas­syr 2-nji ge­zek 31-nji tap­gyr­da ýe­ňiş, ýeň­liş, deň­lik hem-de ge­çi­ren we ge­çir­den gol­la­ry ba­bat­da ge­çen ýyl­ky gör­ke­zi­ji­le­ri­ni şu möw­süm­de-de gaý­ta­la­dy. Öz du­şu­şyk­la­ry­ny 52 müň orun­lyk “St. Jeým­ses Park” sta­dio­nyn­da oý­na­ýan “Nýu­kasl” 2017–18 hem-de 2018–19 möw­süm­le­rin­de 31 tap­gyr­da 35 utuk top­la­dy. 9 ýe­ňiş ga­za­nyp, 14 oýun­da utul­dy, 8 du­şu­şyk­da-da deň­me-deň oý­na­dy. To­par 2 möw­süm­de-de 31 gol ge­çi­rip, 40 pök­gi­ni to­ru­na goý­ber­di. Bu möw­sü­miň ahy­ryn­da li­ga­da ga­lyp-gal­ma­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe nä­bel­li bo­lan “Nýu­kasl” 32-nji tap­gyr­da “Ar­se­nal­dan” as­gyn gel­di. “Pre­mi­er li­ga­nyň” ta­ry­hyn­da 3 ge­zek aşa­ky li­ga dü­şen “Nýu­kas­lyň” Ang­li­ýa­nyň ýo­ka­ry li­ga­syn­da soň­ky ge­zek çem­pi­on bo­la­ny­na 92 ýyl bol­dy. Şu ýer­de ýe­ne bir za­dy ýat­lat­sak, “Nýu­kasl” to­pa­ry şä­he­riň ýe­ke-täk futbol to­pa­ry bo­lup, De­mir­ga­zyk Ang­li­ýa­da ýer­leş­ýän klu­buň goň­şy şä­her­le­riň to­par­la­ry — “San­der­lend” we “Middlsb­ro” bi­len ge­çir­ýän du­şu­şyk­la­ry öz­bo­luş­ly zo­lak­la­ýyn der­bi ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň “San­der­lend” bi­len ge­çi­r­ýän du­şu­şyk­la­ry­na “Ty­ne-We­ar” der­bi­si di­ýil­ýär.