Fransiýada geçirilýän futbol boýunça 15-nji Ýewropa çempionatynda toparçadaky 2-nji oýunlar tamamlanyp barýar. 2-nji duşuşyklardan soň, 2 oýunda-da ýeňiş gazanan ýer eýesi Fran­si­ýanyň ýygyndysy 1/8 finala çykmagy başardy. “C” toparçada ilki Germaniýadan, soňra De­mir­­gazyk Irlandiýanyň ýygyndysyndan 2-0 ha­­sa­­bynda asgyn gelen ukrainler üçin ýaryşy do­wam etdirmäge hiç hili mümkinçilik galmady. Pen­şenbe günki oýunlary hasaba alanyňda, geçirilen 18 duşuşykda derwezelere 34 pökgi girizildi. Di­ňe 1 oýunda hasap açylmady.

Pa­ýe­niň pa­ýy uly
Çem­pio­na­tyň açy­lyş oý­nun­da ýer eýe­si Fran­si­ýa bi­len Ru­my­ni­ýa du­şuş­dy. Oý­na fran­suz­lar er­jel­lik bi­len baş­la­dy. Ýö­ne ru­myn­lar hem gol gow­şu­ryp otur­ma­dy. Hat­da olar gar­şy­da­şy­na ga­ra­nyň­da, örän howp­ly pur­sat­lar hem dö­ret­di­ler. 1-nji ýa­rym­da ha­sap açyl­ma­dy. 57-nji mi­nut­da soň­ky 1 ýyl­dan bä­ri özü­ni hem­mä ta­na­dan Di­mit­ri Pa­ýe­niň pa­syn­dan soň, Ži­ru ha­sa­by aç­dy. Şon­dan 9 mi­nut soň, emin Wik­tor Kaş­şai ýer eýe­le­ri­niň der­we­ze­si­niň al­ky­myn­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di. Ony-da Bog­dan Stan­ku dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ha­sa­by deň­le­di. Şon­dan soň fran­suz­lar ýe­ňiş go­lu­na iň soň­ky mi­nu­da çen­li ga­raş­ma­ly bol­dy. 89-njy mi­nut­da Di­mit­ri Pa­ýe­niň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň da­şyn­dan uran örän owa­dan we bat­ly ur­gu­sy aý­la­nyp, der­we­zä­niň do­kuz­lyk di­ýil­ýän ýe­ri­ne gir­di. Şun­luk­da, An­ri­den soň, 1 oýun­da hem gol pa­sy­ny be­ren, hem-de gol ge­çi­ren il­kin­ji fran­suz oýun­çy­sy bo­lan Pa­ýe to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren fut­bol­çy bol­dy. To­par­ça­nyň beý­le­ki oý­nun­da Al­ba­ni­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa du­şuş­dy. Oýun 1-0 ha­sa­byn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň peý­da­sy­na gu­tar­dy. Du­şu­şy­gyň 36-njy mi­nu­tyn­da Al­ba­ni­ýa­nyň ka­pi­ta­ny Lo­rik Sa­na 2-nji sa­ry pe­tek­den gy­zyl pe­tek alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy.
To­par­ça­da­ky 2-nji du­şu­şyk­lar­da Ru­my­ni­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa 1 utu­gy paý­laş­dy. Ru­my­ni­ýa­nyň go­lu­ny ýe­ne-de pe­nal­ti­den Bog­dan Stan­ku der­we­zä gi­riz­di (18-nji mi­nut). Şweý­sar­la­ra deň­lik ge­ti­ren to­py-da 57-nji mi­nut­da Meh­me­di to­ra sal­dy. Ýer eýe­si fran­suz­lar 2-nji du­şu­şy­gyn­da Al­ba­ni­ýa bi­len du­şu­şyp, olar bu oýun­da ýe­ňiş to­pu­na köp ga­raş­ma­ly bol­dy. Ne­ti­je­de, 1-nji oýun­da şow­suz çy­kyş eden An­tu­an Griz­mann du­şu­şy­ga soň­dan go­şu­lyp, 90-njy mi­nut­da ha­sa­by aç­dy. Şon­dan 6 mi­nut soň, has ta­ky­gy 90+6-njy mi­nut­da-da 1-nji du­şu­şy­gyň gah­ry­ma­ny Pa­ýe oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy — 2–0. Bu ne­ti­je­den soň, fran­suz­lar 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.
“B” to­par­ça­da ýa­ry­şyň 2 deb­ýu­tan­ty Uels bi­len Slo­wa­ki­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýe­ňiş Bri­tan ada­sy­nyň we­ki­li­niň ta­ra­pyn­da bol­dy. 10-njy mi­nut­da Beýl bi­len öňe saý­la­nan uels­li­le­re 61-nji mi­nut­da Du­da jo­gap ber­di. Oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 9 mi­nut ga­lan­da-da, Rob­son-Ka­nu Uel­se ýe­ňiş ge­ti­ren pök­gi­ni öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ang­li­ýa bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. 73-nji mi­nut­da Erik Da­ýe­riň owa­dan go­ly bi­len öňe saý­la­nan iň­lis­ler 90+2-nji mi­nut­da Rus­si­ýa­nyň ka­pi­ta­ny Wa­si­liý Be­re­zus­kiý­niň kel­le bi­len ge­çi­ren go­lu­na çä­re ta­pyp bil­me­di. Şun­luk­da, Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ne-de çem­pio­na­ta ýe­ňiş bi­len baş­lap bil­me­di.
To­par­ça­da­ky 2-nji du­şu­şyk­lar­da bir­meň­zeş ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. Slo­wa­ki­ýa ýyl­dyz oýun­çy­la­ry Wla­di­mir Waýss hem-de Ma­rek Ham­şi­giň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da Rus­si­ýa­ny ut­ma­gy ba­şar­dy. Rus­la­ryň ýe­ke to­pu­ny Glu­şa­kow öz ady­na ýaz­dyr­dy. Mun­dan öň iki­çäk 100-den gow­rak du­şu­şyk ge­çi­ren Ang­li­ýa bi­len Uel­siň ara­syn­da­ky oýun­da şu sa­par hem iň­lis­le­riň dö­wi rüs­tem gel­di. Olar gar­şy­da­şy­ny 67-nji ge­zek utup, 2-nji tap­gy­ra çyk­mak ug­run­da uly müm­kin­çi­li­ge eýe bol­dy. Uels 41-nji mi­nut­da Ga­ret Beý­liň je­ri­me ur­gu­sy bi­len ha­sa­by aç­dy. Gol­da der­we­ze­çi Jou Har­tyň ýal­ňyş­ly­gy diý­seň uly. 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da meý­dan­ça gi­ren 2 oýun­çy War­di 56-njy mi­nut­da, Da­ni­el Star­rij bol­sa 90+2-nji mi­nut­da ta­pa­wut­la­nyp, iň­lis­le­re ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy­lar bol­dy.
“C” to­par­ça­da Pol­şa­nyň ýy­gyn­dy­sy De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny Mi­li­kiň ýe­ke-täk go­ly bi­len utan bol­sa, çem­pi­on­ly­gyň fa­wo­ri­ti Ger­ma­ni­ýa Uk­rai­na­dan 2-0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. 2-nji oýun­lar­da Uk­rai­na şol ha­sap bi­len De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­dan as­gyn gel­di. Bu oý­nuň yzy­sü­re oý­na­lan Ger­ma­ni­ýa-Pol­şa du­şu­şy­gyň deň­lik­de gu­tar­ma­gy uk­ra­in­ler üçin uly şow­suz­lyk bol­dy. Olar in­di­ki du­şu­şyk­da Pol­şa­ny nä­çe gol bi­len ut­sa­la­ram, ýa­ry­şy do­wam et­di­rip bil­mez­ler. Şeý­le­lik­de, Uk­rai­na ýa­ryş­dan çy­kan il­kin­ji to­par bol­dy.
“D” to­par­ça­da Is­pa­ni­ýa kyn­çy­lyk çe­ken du­şu­şy­gyn­da Çe­hi­ýa­ny, Hor­wa­ti­ýa bol­sa Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Is­pan­lar Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­dan bas­syr 9-njy du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
“E” to­par­ça­da köp­le­riň dü­zü­mi ýyl­dyz­dan do­ly Bel­gi­ýa­dan ta­ma­sy ulu­dy. Ital­ýan­la­ra we­lin, öň­kü­ler­den pes­räk ba­ha be­ril­ýär­di. Ýö­ne Bel­gi­ýa bi­len Ita­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun köp­le­riň ga­ra­şy­şy ýa­ly bol­ma­dy. Go­rag­da az ýal­ňyş­ýan ital­ýan­lar Bel­gi­ýa­ny Ji­ak­ke­ri­ni hem-de Pel­lä­niň owa­dan gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bel­gi­ýa res­mi oýun­la­ry Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny ha­sa­ba ala­nyň­da, iň soň­ky ge­zek 34 ýyl mun­dan ozal utup­dy. Ir­lan­di­ýa bi­len Şwe­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (1–1).
“F” to­par­ça­da ýa­ry­şyň deb­ýu­tan­ty Is­lan­di­ýa Por­tu­ga­li­ýa bi­len du­şuş­dy. Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň iň az ilat­ly to­pa­ry di­ýen ady alan Is­lan­di­ýa­nyň ga­za­nan bu 1 utu­gy olar üçin ta­ry­hy wa­ka bol­dy. 44 ýyl­dan soň, Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da özü­ni gör­ke­zen Weng­ri­ýa goň­şu­sy Awst­ri­ýa­ny 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bel­li bir de­re­je­de öz­bo­luş­ly der­bi hem sa­ýyl­ýan bu oýun­da wen­ger­le­riň gol­la­ry­ny Sa­lai bi­len Sti­ber der­we­zä gi­riz­di. Weng­ri­ýa Awst­ri­ýa­ny 15-nji du­şu­şy­gyn­da 10-njy ge­zek ut­dy. Olar Awst­ri­ýa­dan hä­zi­re çen­li di­ňe 1 ge­zek utu­lyp­dyr­lar.

San­lar, ha­sa­bat­lar, mag­lu­mat­lar
3-nji ge­zek. 2000-nji ýyl­dan soň, il­kin­ji, umu­my­lyk­da Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da 3-nji sa­par ýer eýe­si açy­lyş oý­nun­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 1980-nji ýyl­dan soň­ky çem­pio­nat­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da (8 to­pa­ryň çy­kyş edip baş­la­ma­gyn­dan soň), açy­lyş oýun­la­ryn­da ýer eýe­le­ri 3 ge­zek utul­dy, 4 sa­pa­ram deň­me-deň oý­nap, şo­la­ryň ba­ry 1-1 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. Fran­si­ýa 1984-nji ýyl­da­ky çem­pio­nat­da-da ýer eýe­si hök­mün­de açy­lyş du­şu­şy­gyn­da Da­ni­ýa­ny 1-0 ha­sa­byn­da utup­dy.
2 do­gan baş­ga to­par­lar­da. Al­ba­ni­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek 2 do­ga­nyň her­si bir to­par­da gar­şy­daş bo­lup çy­kyş et­di. Ýag­ny al­ba­ni­ýa­ly do­gan­lar Dža­ka­la­ryň ulu­sy Tau­lant öz dog­duk me­ka­ny­nyň ýy­gyn­dy­syn­da, ini­si Gra­nit we­lin, Şweý­sa­ri­ýa­nyň mil­li to­pa­ryn­da oý­na­dy.
600-nji gol. Por­tu­ga­li­ýa bi­len Is­lan­di­ýa­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şy­gyň 31-nji mi­nu­tyn­da ha­sa­by açan Na­ni­niň pök­gü­si Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň fi­nal tap­gyr­la­ryn­da­ky 600-nji gol diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Şol oýun­da meý­dan­ça çy­kan por­tu­gal­la­ryň ka­pi­ta­ny Kris­tia­no Ro­nal­do 127-nji ge­zek mil­li ýy­gyn­dy­da oý­nap, Lu­is Fi­go­nyň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy.
Iň ýa­şu­ly fut­bol­çy. Awst­ri­ýa–Weng­ri­ýa du­şu­şy­gyn­da meý­dan­ça çy­kan weng­ri­ýa­ly der­we­ze­çi Ga­bor Ki­raý Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da çy­kyş eden iň ýa­şu­ly fut­bol­çy bol­dy (40 ýaş).