10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler. Bu waka milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Onuň esasy ugry halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bolup durýar. Şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
…Dabaranyň geçýän ýeri baýramçylyga mahsus bezeldi. Bu ýerde ak öýler dikilip, türkmen toýlaryna mahsus dessurlar, şol sanda toý däpleri, milli oýunlar, senetkärlik eserleri görkezildi. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň görkezme çykyşlarynyň arasynda äpet haly dokaýan kyrk gyzyň hünärini açyp görkezýän çykyşy has-da täsirli boldy.
Dabara gatnaşan hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýan medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häzirki zaman dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine bardy. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu günki wakanyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, şu gün ägirt uly taslamanyň – tutuş şäheriň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine badalga berilýär. Şunuň ýaly giň möçberli taslamalary amala aşyrmak, pugta ykdysady binýady we örän uly ösüş ugurlary bolan ýurda başardýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Bu merkeziň gurluşygyna özgertmeleriň geçirilýän ýyllarynda toplanan şähergurluşyk tejribelerine esaslanyp başlaýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kompaniýalarynyň özlerine ynanylan möhüm gurluşyk taslamalaryny ynamly durmuşa geçirýändiklerini aýtdy.
Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek meseleleri hemişe aýratyn üns merkezinde saklanýar diýip, milli Liderimiz belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň senagat taýdan güýçli depginler bilen ösýändigini belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini birleşdirýän täze ulag ýollary gurulýar. Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem Aşgabat – Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Bu ýollar Ahal welaýatynyň çäklerinde birleşip, ýurdumyzyň gündogarynda we günbatarynda ýerleşen iki çetki sebiti özara baglanyşdyrar. Bu halkara ähmiýetli awtomobil ýollary Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluna birleşip, “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlar boýunça goňşy ýurtlara çykalgany üpjün edip, özboluşly çatrygy emele getirer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwürlerinde uly ýollaryň şeýle çatryklaryna “ýedi ýoluň çatrygy” diýlipdir. Hakykatda, gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Türkmenistanyň bütin çägi şeýle atlandyrylypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň keşbinde her gün täze, ajaýyp özgertmeler bolup geçýär. Bu özgertmeleriň biziň üçin ösüş babatda täze mümkinçilikleri döredýändigini ynam bilen bellemeli.
Ine, indi biz ýene-de bir möhüm täze ösüş eýýamyna gadam basdyk. Biz şu gün bütinleý täze şäheriň düýbüni tutýarys. Bu şäher geljekde ýurdumyzyň ýene-de bir ykdysady, işewürlik, maýa goýum merkezine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz bu işe tarp ýerden başlanýandygyny aýdyp, hut şu ýerde – Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň şöhratly sene ýazgysynyň täze, ajaýyp sahypasynyň ýazyljakdygyny belledi. Bu şöhratly sene ýazgysy dowam etdiriler. Ony geljekki nesillerimiz hem dowam etdirerler.
Taslamanyň çuňňur manysy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Ahalyň dolandyryş merkeziniň taslamasynda şäheri we bütin sebiti dolandyryş-çäk birligi bilen bilelikde ösdürmegiň ulgam emele getiriji innowasion düzüm böleginiň binýadynyň goýlandygyny belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz bu gymmatlyklaryň ählisiniň täze şäheriň binagärlik keşbinde, onuň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda öz beýanyny tapjakdygyny belläp, täze şäheriň guruljak ýeriniň ekologiýa, seýsmologiýa taýdan ylmy esasda düýpli öwrenilendigini belledi. Bu ýerler taryhy ýerler. Ata-babalarymyzyň ömür sürüp, gurup, döredip giden mukaddes ýerleri. Bu meseläniň ýaşulular, deputatlar bilen maslahatlaşylandygyny, ilatyň pikiriniň öwrenilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz taslamada arassaçylyk, suw we beýleki ýagdaýlaryň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Täze şäher welaýatyň ähli ilaty üçin amatly bolar. Bu ýere ýollar çekilip, ähli etraplardan we obalardan dürli ulaglar gatnar.
Hormatly Prezidentimiz düýbi tutulýan şäheriň 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenendigini belledi. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdebiň guruljakdygyny, başlangyç we orta hünär mekdebiniň, şeýle hem iki sany sungat mekdebiniň bina ediljekdigini belledi. Saglyk edaralarynyň hem giň ulgamy dörediler. Iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, beýleki hassahanalar bina ediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder. Bulardan başga-da, aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu desgalar Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde, bitewi ulgamy emele getirer diýip, milli Liderimiz belledi. Şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Dolandyryş merkeziniň ähli binalary düýbünden täzeden gurulýar. Täze desgalaryň gurluşygy üçin ýerleri boşatmak zerurlygy bolmaýar. Binalar we desgalar düýpli ýykylyp aýrylmaýar. Bu bolsa, örän möhümdir. Umuman, boş ýatan meýdanyň keşbi düýpli özgerer. Bu ýerde ýaşajak ilat üçin iň gowy şertler, iş orunlary, iň häzirki zaman durmuş gurşawy dörediler. Bu bolsa, diňe bir bu ýere köp sanly ýaşaýjylary çekmän, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetini düýpli özgerder. Onuň ähli pudaklarynyň ösüşine täze itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyz üçin edýäris. Her bir maşgalanyň we raýatyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýäris diýip, milli Liderimiz belledi we döwletimiziň şu maksatlar üçin zerur bolan serişdeleri gönükdirjekdigini aýtdy. Nesip bolsa, ýene-de üç-dört ýyldan gözel Köpetdagyň eteginde ähli şertleri bolan, lowurdap duran täze, ajaýyp şäher dörär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlap, bu ýere ýygnananlary Watanymyzyň ösüşiniň aýdyň nyşany bolan Ahal welaýatynyň täze şäheriniň düýbüni tutmak dabarasy bilen gutlady we welaýatyň ähli ilatyna berk jan saglyk, bagtly we abadan durmuş, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Milli lybasdaky oglan we gyz döwlet Baştutanymyzdan şu taryhy waka mynasybetli geljek nesillere ýadygärlik ýazga gol goýup bermegini haýyş etdiler. Soňra geljek nesillere niýetlenen ýazgy ýörite guta salyndy.
Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň düýbüniň tutuljak ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda geljekki nesillere niýetlenen gutyny binýada oklady. Milli Liderimiz täze desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atmak bilen, bu çägiň toplumlaýyn esasda özleşdirilmegine we täze şäheriň gurluşygyna badalga berdi. Bu ýerde amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, edara ediş binalarynyň we beýleki desgalaryň toplumy emele geler.
Täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyndan soňra hormatly Prezidentimiz Gökdepe metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp berdi. Aýat-töwirler okalansoň, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, berlen sadakalaryň, edilen aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we agzybirlik bolsun, ýurdumyz rowaçlyklara beslensin! Soňra bu ýere ýygnananlary ýene bir gezek şanly waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.