Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň önümçiligine giň ýol açyldy. Diýarymyzyň dürli künjeginde täze önümçilik desgalary yzygiderli ulanmaga berilýär. Golaýda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde guruldy. Dabara Mejlisiň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, ýerli dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, gurluşykçylar, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. 180 müň kub metr gazbeton önümlerini hem-de 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän döwrebap senagat toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Täze desga Germaniýanyň şu ugurda ýöriteleşdirilen “Wehrhahn GmbH” kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edildi. Täze zawodda ýuwlan çägäni, gury gurluşyk galyndylaryny hem-de gazbeton toplumlaryny öndürmek boýunça doly awtomatlaşdyrylan bölümler guruldy. Şol önümleri taýýarlamak üçin ýerli çig mal – sement, kwars çägesi, üwelen gips hem-de ýakylmadyk hek ulanylar. Bu desga ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen, gazbeton serişdelerini, olar üçin plastmassalary, keramiki plitalary, daşky we içerki timar üçin suwaglary we beýleki önümleri öndürer.
Bu önümçiligiň ýene-de bir artykmaçlygy onuň üçin zerur bolan çig malyň ählisiniň diýen ýaly ýurdumyzda bardygydyr. Kwars çägesi, sement, hek we gips ýeterlik möçberde ýurdumyzyň ýataklaryndan hem-de kärhanalaryndan gelip gowuşýar.
Röwşen MUHAMMEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.