Hy­ta­ýyň Sy­çu­an we­la­ýa­ty­nyň Çen­du şä­he­rin­de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len he­re­ket ed­ýän 11 ki­lo­met­r uzyn­ly­gyn­da­ky as­ma po­lat ýo­lu­nyň tas­la­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Bu tas­la­ma­nyň 1,5 ki­lo­metr­lik bö­le­gin­de sy­nag gat­na­wy ama­la aşy­ryl­dy. Bu tas­la­ma şä­he­riň aja­ýyp­lyk­la­ry­ny doly syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, sy­ýa­hat­çy­la­ry hem çek­mä­ge şert dö­re­der. Daş­ky gör­nü­şi bo­ýun­ça pan­da­ny ýat­lad­ýan as­ma po­lat ýo­lu­nyň bi­rin­ji bölegini 2020-nji ýyl­da ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­dy.
Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin 2 mil­li­on ýu­an (300 mil­li­on dol­lar) möç­be­rin­de pul se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ri­ler. Ýo­kar­dan asy­lan gör­nü­şin­dä­ki ot­ly has köp ýo­lag­çy gatnatmaga hem müm­kin­çi­lik be­rer. Se­bä­bi ol şä­he­riň bir­nä­çe iri bi­na­la­ry­nyň üs­tün­den geç­ýär. Ola­ryň ara­syn­da bank­lar, söw­da we işe­wür­lik mer­kez­le­ri bar.
Onuň gö­te­ri­ji­lik kuw­wa­ty 45 ton­na ba­ra­bar bo­lup, geljekde bu gör­ke­zi­ji­ni 65 ton­na ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar, şeý­le hem ot­ly­nyň tiz­li­gi sa­gat­da 60 ki­lo­met­re deň bo­lar. Bu tas­la­ma “Hy­ta­ýyň as­ma po­lat ýo­ly” kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lar. Hytaýda ener­gi­ýa­nyň tä­ze hem-de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga uly äh­mi­ýet beril­ýär.

Nuriýe TALYBOWA,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.