Dün­ýä­niň iň be­ýik da­gy ha­sap­lan­ýan Ewe­res­tiň be­ýik­li­gi­ni tä­ze­den ha­sa­ba al­mak üçin de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­mä­ge baş­lan­dy. Ne­pa­lyň hö­kü­me­ti da­gyň be­lent­li­gi­ni öl­çe­mek üçin ýö­ri­te to­par dö­ret­di, şol to­par işe gi­riş­di. 2015-nji ýyl­da eme­le ge­len ýer­tit­re­me­­de da­gyň be­ýik­li­gi­niň üýt­gän­di­gi mä­lim edil­ýär.
Gi­ma­la­ý dag­la­ry­nyň bir şa­ha­sy bo­lan we Ne­pal bi­len Hy­ta­ýyň ser­he­din­de ýer­leş­ýän Ewe­rest da­gy­na çyk­jak to­pa­ryň dü­zü­min­de 4 sa­ny bi­ler­men bar. Da­gyň be­ýik­li­gi il­kin­ji ge­zek 1954-nji ýyl­da öl­çe­nip­di. Şon­dan soň hem bu ugur­da bir­nä­çe ge­zek de­giş­li ha­sa­bat iş­le­ri ama­la aşy­ryl­dy. Da­gyň iň be­ýik ger­şi­niň be­ýik­li­gi 8 müň 848 metr­li­gin­de gal­dy. 1999-njy ýyl­da GPS en­ja­my bi­len da­gy öl­çän to­par onuň be­ýik­li­gi­ne 2 metr go­şup­dy. Em­ma bu ha­sa­bat dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ag­ram­ly bö­le­gi­niň yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­ma­dy.
2015-nji ýyl­da Ne­pal­da­ky ýer­tit­re­me ze­rar­ly da­gyň be­ýik­li­gi­niň üýt­gän­di­gi bel­le­nip ge­çil­ýär. Ýur­duň hö­kü­me­ti bu ba­ra­da­ky dür­li ga­ra­ýyş­la­ry ara­dan aýyr­mak üçin onuň be­ýik­li­gi­ni tä­ze­den ha­sa­ba al­mak ka­ra­ry­na gel­di. 2017-nji ýyl­da bu ugur­da ýö­ri­te to­par dö­re­dil­di. To­par 2 ýyl­dan bä­ri, bu ugur­da taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýar. To­pa­ryň ýol­baş­çy­sy Khim Lal Gau­tam bu ha­sa­ba­ty amala aşyr­ma­gyň ýe­ňil bol­ma­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Ol 2011-nji ýyl­da Ewe­res­tiň çür de­pe­si­ne çy­kyp­dy.

Akgül AMANSÄHEDOWA,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.