Zäh­met we dur­muş üp­jün­çi­li­gi ugur­la­ryn­da iş alyp bar­ýan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 100 ýyl­ly­gy bel­len­ýär. 1919-njy ýyl­da Bi­rin­ji ja­han ur­şun­dan soň­ra dö­re­di­len bu gu­ra­ma hä­zir­ki dö­wür­de eme­li in­tel­lek­tu­al hem-de ro­bot­laş­dyr­mak iş­le­ri­niň gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýän döw­rün­de tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi ba­bat­da düýp­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.
BMG-niň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki baş bi­na­syn­da Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 100 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Oňa BMG-niň baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş gat­naş­dy. 1919-njy ýy­lyň 11-nji ap­re­lin­de Pa­riž pa­ra­hat­çy­lyk mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de gu­ra­ma­­nyň düz­gün­na­ma­sy ka­bul edil­di. 1926-njy ýyl­da onuň Şweý­sa­ri­ýa­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­de baş bi­na­sy açyl­dy. Gu­ra­ma­nyň baş mak­sa­dy tu­tuş dün­ýä­de er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň iş­le­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Ol BMG-niň iň baý­ry eda­ra­la­rynyň bi­ri bo­lup, dün­ýä­niň äh­li ýur­dun­da we­kil­çi­lik ed­ýär. Da­ba­ra­da çy­kyş eden BMG-niň Baş sek­re­ta­ry teh­no­lo­gik öz­gert­me­le­riň döw­rün­de in­now­asi­on ösüş­le­riň ga­za­nyl­ýan­dy­gyny, onuň bi­len bag­la­ny­şyk­da tä­ze iş orun­la­rynyň dö­re­ýändigini, şol bir ­wagt­da köp san­ly däp bo­lan kär­leriň ýi­tip bar­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Gu­ter­reş san­ly ul­ga­myň öz­ger­ýän döw­rün­de Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy­nyň bu ul­ga­myň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän şert­na­ma­la­ryň üs­tün­de iş­le­mek ba­bat­da­ky tek­lip­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Akmuhammet DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.