Bilermenleriň belläp geçmegine görä, adam bedeni üçin zerur bolan kalsiý 15 ýaşa çenli jemlenýär. Şondan soň ol kem-kemden azalyp başlaýar. Adamyň ýaşy näçe ýokarlandygyça, şonça-da köp kalsä zerurlyk döreýär. Kalsiý süňkleriň we dişleriň berk bolmagyna ýardam berýär. Adatça, kalsiý süýt we süýt önümlerinde, balygyň düzüminde köpräk bolýar. Uly ýaşly adamlar üçin gündelik zerur bolan kalsiniň möçberi 1000 mg-a deňdir. Bu möçber 3 bulgur süýtde bar. Eger süýt önümlerini halamaýan bolsaňyz, onda näme etmeli?! Onda bilermenleriň geçiren barlaglaryna görä, düzüminde kalsiý mukdary köp bolan önümleri iýmek maslahat berilýär. Balykda has köp mukdarda kalsiý jemlenýär. Balygyň hem birnäçe görnüşiniň has peýdalydygy aýdylýar. Mundan başga-da, badam we guradylan injir ýaly önümler bilen bir hatarda, nohutda hem kalsiniň köp möçberi bardyr. Şeýle-de ysmanak, kelem ýaly gök önümler hem peýdalydyr. Bulardan başga-da, apelsin, greýpfrut we mandarin ýaly miweli içgiler hem kalsiý maddasyna baýdyr.
Oguljeren RAHMANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.