Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 4-nji tapgyrda oýnalan 4 duşuşygyň 3-sinde ýer eýeleri 1–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Sanawyň lideri “Ahal” öz meýdançasynda “Energetik” toparyndan 1–0 üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 67-nji minutda Gurbanguly Aşyrow derwezä girizdi. “Nebitçi” hem edil şol hasap bilen “Köpetdagy” ýeňdi. Balkanabatlylara 3 utuk gazandyran goly 90+3-nji minutda Akmämmet Metdäýew öz adyna ýazdyrdy. “Aşgabat” bilen “Merwiň” arasyndaky oýunda-da şol netije hasaba alnyp, paýtagtlylar Güýçmyrat Annagulyýewiň 43-nji minutdaky goly bilen ilkinji ýeňşini gazandy. Soňky çempion “Altyn asyr” bilen “Şagadamyň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Myhmanlardan Yhlas Magtymowyň 18-nji minutdaky goluna ýer eýeleri 60 minutdan soň, has takygy, 78-nji minutda jogap berdi. Bu goly Myrat Ýagşyýew derwezä girizdi. Oýunda her topardan bir futbolça gyzyl kart görkezildi. Geçirilen 4 tapgyrdan soň, “Ahal” 9 utuk bilen 1-nji hatarda barýar.