Ýew­ro­pa li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji oýun­la­ryn­da myh­man­çy­lyk­da­ky to­par­la­ryň 2-si ýe­ňiş ga­zan­dy. Is­pan der­bi­sin­de “Wa­len­si­ýa” myh­man­çy­lyk­da “Wil­ýar­re­al­dan” 3–1 üs­tün çyk­dy. 6-njy mi­nut­da Ge­deş ha­sa­by aç­dy. Ol Pa­ra­de­siň ýe­ri­ne ýe­ti­ren pe­nal­ti­sin­de der­we­ze­çi­niň sow­ma­gy ba­şa­ran to­pu­ny aň­sat­lyk bi­len to­ra gi­riz­di. 36-njy mi­nut­da San­ti Ka­sor­la pe­nal­ti­ni dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ha­sa­by deň­le­di. Çe­ry­şe­wiň oý­na gir­me­gin­den soň, hü­jüm­le­ri­ni ýyg­jam­laş­dy­ran “Wa­len­si­ýa” 90-njy mi­nut­dan soň, 2 gol ge­çi­rip (Wass 90+1, Ge­deş 90+3), ýa­rym fi­na­la çyk­mak ug­run­da uly müm­kin­çi­li­ge eýe bol­dy. “Çel­si” soň­ky mi­nut­lar­da Mar­kos Alon­so­nyň ge­çi­ren go­ly bi­len “Sla­wi­ýa­ny” 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ku­bo­gyň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den “Ar­se­nal” öz meý­dan­ça­syn­da “Na­po­li­ni” 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Gol­la­ry Rem­zi bi­len Ko­li­ba­li (öz der­we­ze­si­ne) ge­çir­di. Tap­gy­ryň iň gol­ly du­şu­şy­gyn­da “Ben­fi­ka” öz meý­dan­ça­syn­da “Aýnt­rah­ty” 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Oýun­da por­tu­gal­la­ryň ýaş ýyl­dy­zy Žoao Fe­liks het-trik edip (21 p, 43, 54), to­pa­ry­nyň ýeň­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­dy. Lis­sa­bon­ly­la­ryň beý­le­ki pök­gü­si­ni 50-nji mi­nut­da Ru­ben Di­as öz ady­na ýaz­dyr­dy. 20-nji mi­nut­da go­rag­çy­la­ry­nyň bi­ri (Ewan N’Di­ka) gy­zyl kart alan “Aýnt­rah­tyň” adyn­dan hem Lu­ka Ýo­wiç (40) bi­len Gon­sa­lo Pa­si­en­sia (72) ta­pa­wut­lan­dy. 19 ýa­şyn­da­ky Fe­liks Ýew­ro­pa li­ga­syn­da het-trik eden iň ýaş fut­bol­çy bol­dy. Çär­ýek fi­na­lyň jo­gap oýun­la­ry 18-nji ap­rel­de oý­na­lar.