For­mu­la 1 bo­ýun­ça er­tir Şan­haý­da ge­çi­ril­jek Hy­taý “Gran Pri­si” F1-iň ta­ry­hyn­da­ky 1000-nji ýa­ryş bo­lar. 70-nji möw­sü­mi ge­çi­ril­ýän F1 ýa­ryş­la­ry il­kin­ji ge­zek 1950-nji ýyl­da Bri­ta­ni­ýa “Gran Pri­si” bi­len ba­dal­ga al­dy. F1-iň “Gran Pri­le­ri” şu wag­ta çen­li 32 ýurt­da ge­çi­ril­di. Bri­ta­ni­ýa we Ita­li­ýa “Gran Pri­le­ri” F1-iň 70 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da äh­li möw­süm­de-de se­ne­na­ma gi­ri­zi­len bäs­le­şik­ler­dir. F1-iň iň abra­ý­ly ýa­ry­şy ha­sap­lan­ýan Mo­na­ko “Gran Pri­si” 66 möw­süm bi­len 2-nji ha­tar­da bar­ýar. Bel­gi­ýa we Ger­ma­ni­ýa “Gran Pri­leri” 64 möw­süm bi­len 3-nji ýe­ri paý­laş­ýar­lar. Di­ňe 1 ge­zek ge­çi­ri­len “Gran Pri­ler” Pes­ka­ra (1957), Ma­rok­ko (1958) hem-de Dal­las (1984) GP-le­ri­dir. Iň köp “Gran Pri” ge­çi­ri­len tras­sa Ita­li­ýa­da­ky “Mon­za” bo­lup, 5,793 ki­lo­metr­lik bu trassada hä­zir­ki gü­ne çen­li 68 ýa­ryş gu­ral­dy. “Mon­te Kar­lo” tras­sa­syn­da 65 ge­zek ýa­ryş ge­çi­ri­lip, ol iň gys­ga tras­sa ha­sap­lan­ýar. 1950-nji ýyl­da ge­çi­ri­len F1-iň il­kin­ji möw­sü­min­de 7 “Gran Pri” ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Şol ýyl “Al­fa Ro­meo” to­pa­ry­nyň ita­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Ni­no Fa­ri­na çem­pi­on bo­lup­dy.
For­mu­la 1-de mun­dan öň­ki 999 ýa­ryş­da iň köp çy­kyş eden sü­rü­ji bra­zi­li­ýa­ly Ru­bens Bar­ri­kel­lo­dyr. Ol 1993–2001-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 326 “Gran Pri” bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şyp, us­sat sü­rü­ji şo­la­ryň 322-sin­de tras­sa çyk­ýar. Bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji Jen­son Bat­ton (2000–2017) 309 “Gran Pri­niň”, 306-syn­da tras­sa çyk­sa, ro­wa­ýa­ty pi­lot, ger­ma­ni­ýa­ly Mi­ha­el Şu­ma­her­de bu gör­ke­zi­ji­ler­de 308 hem-de 306-a deň­dir. Bir möw­sü­miň do­wa­myn­da 13 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan ger­ma­ni­ýa­ly sü­rü­ji­le­r Mi­ha­el Şu­ma­her (18 ýa­ryş­da, 2004ý) bi­len Se­bas­ti­an Wet­tel (19 ýa­ryş­da, 2013ý) 13 ýe­ňiş ga­za­nyp, bu ugur­da re­kor­dy­nyň eýe­le­ri­dir. Umu­my­lyk­da iň köp “Gran Pri­de” ýe­ňiş ga­za­nan sü­rü­ji Mi­ha­el Şu­ma­her­dir. Ol 91 ýa­ryş­da gal­ga­dyl­ýan ala baý­da­gy il­kin­ji bo­lup gör­me­gi ba­şar­ýar.