Ang­li­ýa­da çem­pi­on­lyk ýa­ry­şy iki klu­buň – “Li­wer­pul” bi­len “Man­çes­ter Si­ti­niň” ara­syn­da ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Hä­zir­lik­çe 1 oý­ny ar­tyk “Li­wer­pul” 2 utuk öň­de bar­ýar. 1 oý­ny kem “Man­çes­ter Si­ti” bol­sa, 2-nji or­ny eýe­le­ýär. Mun­dan soň­ky du­şu­şyk­la­ra se­re­de­ni­miz­de, “Li­wer­pu­lyň” ga­lan oýun­la­ry­nyň iň esa­sy­sy er­tir­ki “Çel­si” du­şu­şy­gy bo­lar. Bu du­şu­şy­gy öz meý­dan­ça­syn­da ge­çir­jek “Li­wer­pu­lyň” ýeň­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Soň­ky çem­pi­on “Man­çes­ter Si­ti” gar­şy­da­şy “Li­wer­pu­lyň­ka” ga­ra­nyň­da, az­da-kän­de güýç­lü­räk to­par­lar du­şuş­ma­ly bo­lar. Ola­ryň iň esa­sy­la­ry öz meý­dan­ça­syn­da “Tot­ten­ham” hem-de myh­man­çy­lyk­da şä­her­de­şi “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bi­len ge­çi­ril­jek oýun­lar­dyr. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da myh­man­çy­lyk­da “Tot­ten­ham­dan” 1–0 as­gyn ge­len “Si­ti­niň” çem­pi­on­lyk ug­run­da­ky yk­ba­ly 20–24-nji ap­rel ara­ly­gyn­da kes­git­le­ner. 20-nji ap­rel­de “Tot­ten­ha­my” ka­bul et­jek “Si­ti” 24-nji ap­rel­de-de gal­dy­ry­lan du­şu­şyk­da “Ýu­naý­ted” bi­len du­şu­şar. Baş­ga­ça aý­dyl­an­da, “Si­ti­niň” çem­pi­on­ly­gy bel­li bir de­re­je­de “Ýu­naý­te­de” bag­ly bo­lup dur­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Tot­ten­ham” to­pa­ry-da “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” klu­by-da öň­dä­ki dört­lü­ge dü­şüp, gel­jek möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­mak üçin gö­reş alyp bar­ýar­lar. Esa­sy so­wal, “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” üçin “Li­wer­pu­lyň­my” ýa-da “Man­çes­ter Si­ti­niň” çem­pi­on­ly­gy has go­wy?! “Li­wer­pul” bi­len öň­den gel­ýän bäs­deş­lik bar bol­sa, “Si­ti” bi­len bir şä­he­ri paý­laş­ýar­lar. Ýag­ny iki­si hem “Ýu­naý­ted” üçin uly der­bi ha­sap­lan­ýar. Şu ýer­de ýe­ne bir za­dy bel­läp geç­sek, bi­ziň bu gür­rüň­le­ri­miz iki to­pa­ryň hem beý­le­ki du­şu­şyk­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nar di­ýen çak­la­ma bi­len be­ýan ed­ýän­di­gi­mi­zi ýat­la­da­lyň.