Türkmen paýtagtynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri geçirildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen bu çäräni Saud Arabystany Patyşalygynyň Media ministrligi bilen ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu aýyň başynda geçirilen mejlisinde bu barada aýdyp, Ýakyn Gündogary ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň örän wajypdygyny nygtady.
Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bu döredijilik forumyny geçirmek üçin Türkmenistana dostlukly ýurduň medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary geldiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň resmi wekiliýeti bilen bolan duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy Mukamlar köşgünde geçirildi. Şu waka mynasybetli bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, giň jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ussatlary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary ýygnandylar. Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň dabarada çykyş eden wekilleri netijeli gatnaşyklaryň uly taryhyna eýe bolan iki halkyň baý mirasyna özara gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygyny nygtadylar. Myhmanlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Medeniýet günleriniň çäklerinde, ilki bilen, dostlukly ýurduň artistleriniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary düzdi. Olar halk sazlaryny we aýdymlaryny hödürlediler. Artistleriň milli lybaslary we gadymy saz gurallarynyň özboluşly owazy çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu döredijilik baýramçylygynyň türkmenistanlylara Saud Arabystanynyň halkynyň mirasy, häzirki durmuşy hem-de däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berendigi şübhesizdir.
Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de milli arap lybaslarynyň sergisi, şeýle hem dostlukly ýurduň surat sergisi guraldy. Aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna däp bolan lybaslar we matalar, dekoratiw önümler, dürli sowgatlyk önümleri hem-de arap ussalarynyň işleriniň beýleki görnüşleri görkezildi.
Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda iki ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti we Türkmenistan bilen Arap ýarym adasynyň arasynda gatnaşyklar barada Saud Arabystany Patyşalygynyň alymlarynyň çykyşlaryny guramak göz öňünde tutuldy.
Myhmanlary türkmen paýtagtynyň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp ýerleri, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň artistleriniň Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda çykyşyny guramak göz öňünde tutulýar.