Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan “Türkmen bedewi” atly döredijilik bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Milli buýsanja we gymmatlyga öwrülen ahalteke bedewleriniň baýramy mynasybetli geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň açylyş dabarasy baýramçylyk ruhubelentligine mahsus boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ussat halypa we talyp nakgaşlary, suratkeşleri, zergärleri, halyçylary we fotosuratçylary özleriniň ajaýyp eserlerini hödürlediler. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän sergide bäsleşige gatnaşyjylaryň 350-den gowrak işi görkezilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar suratkeşlik, halyçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, nakgaşlyk, keramika önümleri, fotosuratlar hem-de wideoşekiller ýaly ugurlarda ýaryşdylar.
Sergide görnükli türkmen nakgaşlarynyň we heýkeltaraşlarynyň işleri, şol sanda Saragt Babaýew, Baýram Nuryýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyndan Nurgeldi Saparnyýazow, Baýgeldi Annamedow, Kakageldi Ataýew ýaly ençeme zehinli talyplarynyň sungat eserleri görkezildi.
“Türkmen bedewi” döredijilik bäsleşiginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň “Rowaç” atly taýçanaga bagyşlap ýazan goşgy setirleriniň nepislik bilen çitime geçirilip dokalan halysy, türkmen bedewiniň nakgaşlyk, kompozisiýa we dizaýn žanrlarynda döredilen eserler sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Sergi 28-nji aprele çenli dowam eder. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilýän güni yglan ediler we hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolarlar.
Maýa ÝAZMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby.