AFKKu­bo­gy ýa­ry­şyn­da ýur­du­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýän “Al­tyn asyr” to­pa­ry to­par­ça­da­ky 2-nji du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. Ara­gat­na­şyk­çy­lar paý­tag­ty­myz­da Tä­ji­gis­ta­nyň “Is­tik­lol” to­pa­ry­ny ka­bul et­di. Köp­et­dag sta­dio­nyn­da oý­na­lan oý­na 11300 jan­kö­ýer to­ma­şa edip, du­şu­şyk­da ka­tar­ly emin Ab­dul­la Al-Mar­ri jür­le­wük çal­dy. To­par­la­ryň iki­si hem eden hü­jüm­le­rin­den ne­ti­je alyp bil­me­di. Şeýlelikde, du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­dy.
Aý­ra­ty­nam, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew kä­bir amat­ly pur­sat­lar­dan ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. Oý­nuň 79-njy mi­nu­tyn­da Şe­rid­din Bo­bo­ýew ha­sa­by aç­dy. Il­deş­le­ri­mi­ziň bu go­la jo­ga­by gi­jik­me­di. Des­si­ne 1 mi­nut geçmän­kä, has ta­ky­gy, 80-nji mi­nut­da Se­lim Nur­my­ra­dow ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Bu oýun­da­ky soň­ky gol bol­dy. Şeý­le­lik­de, “Al­tyn asyr” to­par­ça­da­ky 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da deň­me-deň oý­na­dy. To­par­çada­ky beý­le­ki oýun­da Tä­ji­gis­ta­nyň “Hu­jand” to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň “Dor­doý” to­pa­ry­ny 3–1 ha­sa­by bi­len ýeň­di. 17-nji mi­nut­da Bekz­han Sa­gyn­ba­ýe­wiň go­ly bi­len öňe saý­la­nan myh­man­la­ryň to­run­dan ýe­ňiş gol­la­ry­ny Dil­şod Wa­si­ýew (42, 63) bi­len Ja­hon­gir Er­ga­şew (90 p) gi­riz­di. Hä­zir­ki wagt­da 2-nji du­şu­şyk­lar­dan soň, to­par­ça­da “Is­tik­lo­lyň” 4, “Hu­jan­dyň” 3, “Al­tyn asy­ryň” 2, “Dor­do­ýyň” 1 utu­gy bar. To­par­ça­da­ky in­di­ki oýun­lar­da 30-njy ap­rel­de “Hu­jand” “Al­tyn asy­ry”, 1-nji maý­da bolsa, “Is­tik­lol” “Dor­do­ýy” ka­bul eder.