Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan öňdengörüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri hem dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky gatnaşyklar pugta ösdürilýär.

Bu ab­raý­ly gu­ra­ma­nyň paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy­na 20 ýyl dol­dy. Bu şan­ly se­nä ba­gyş­la­nyp, Aş­ga­bat­da bir­nä­çe mas­la­hat­dyr çä­re­ler gu­ral­dy. Bu çä­re­le­re gat­naş­mak üçin ÝHHG-niň Baş sek­re­ta­ry To­mas Gre­min­ge­riň ýol­baş­çy­ly­gynd­aky we­ki­li­ýet ýur­du­myz­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Baş sek­re­tar To­mas Gre­min­ger hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Du­şu­şyk­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ÝHHG bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da Türk­me­nis­tan bi­len ÝHHG-niň ara­syn­da­ky uzak möh­let­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň gel­je­gi­ne de­giş­li me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy.
Şeý­le hem şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň bi­na­syn­da “Ýig­ri­mi ýyl he­re­ket­de!” şy­ga­ry as­tyn­da mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň – BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň bir­nä­çe eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we hü­när­men­le­ri gat­naş­dy­lar. Fo­rum Türk­me­nis­tan bi­len ÝHHG-niň ara­syn­da­ky 20 ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­mek üçin öz­bo­luş­ly meý­dan­ça öw­rül­di. ÝHHG-niň Baş sek­re­ta­ry To­mas Gre­min­ger, ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky Mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa Drozd, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da­ky iş­le­ri wagt­la­ýyn yna­ny­lan we­ki­li Lýu­bo­mir Fre­bort, Slo­wa­ki­ýa­nyň ÝHHG-niň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li­ýe­ti­niň bi­rin­ji kä­ti­bi To­maş Bi­çan we beý­le­ki­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýur­du­my­zyň Ýew­ro­pa se­bi­ti­niň döw­let­le­ri hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge goş­ýan go­şan­dy üçin tüýs ýü­rek­den hoşallyk bil­dir­di­ler.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar bar bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni we ony gi­ňelt­mek üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky Mer­ke­zi­niň 50-den gow­rak döw­let dü­züm­le­ri, bi­lim eda­ra­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Bu­lar­dan baş­ga-da, Aş­ga­bat­da ÝHHG-niň “Ter­ror­çy­ly­gyň ma­li­ýe­leş­di­ril­me­gi­ne we gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek” at­ly ýo­ka­ry de­re­je­li se­bit­le­ýin mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti we ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan bu mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki yzy­gi­der­li art­ýan ab­ra­ýy­nyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan se­bit we äh­lu­mu­my ösü­şiň, şol san­da hä­zir­ki döw­rüň howp­la­ry­na gar­şy he­re­ket et­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­lip, öňe sü­rül­ýän dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ryň giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Bu fo­ru­myň mak­sa­dy ma­li­ýe howp­suz­ly­gy­nyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne bu ul­gam­da hal­ka­ra öl­çeg­ler hem-de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be bi­len ta­nyş­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.