Dün­ýä­niň is­len­dik beý­le­ki bir şä­he­ri­ne ga­ra­nyň­da, Bu­da­peş­te sy­ýa­hat­çy­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy has-da art­ýan­dy­gy bel­li bol­dy. Bu ba­ra­da “Lo­ne­ly Pla­net” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Yl­my-bar­lag bo­ýun­ça bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­niň “Go­og­le Trends”-iň in­ter­net so­wal­la­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­ny sel­je­rip, 2009-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2019-njy ýyl­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň ara­syn­da haý­sy ýur­duň has meş­hur bo­lan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar.
Gör­lüp otu­ryl­sa, Bu­da­peş­te bo­lan gy­zyk­lan­ma soň­ky 10 ýyl­da 67 gö­te­rim ar­tan eken. Ikin­ji ýer­de Se­ul gel­ýär. Ko­re­ýa­nyň me­ga­po­li­si­niň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­li­gi bi­len 79 gö­te­rim­den gow­rak adam gy­zyk­la­nyp ug­ran eken. Sa­na­wyň üçün­ji or­nun­da – Ko­pen­ga­gen ge­lip, sy­ýa­hat­çy­la­ryň bu şä­he­re ber­ýän ba­ha­la­ry­nyň muk­da­ry soň­ky 10 ýyl­da 68 gö­te­rim ýo­kar­la­nan eken. Şeý­le hem, bi­rin­ji bäş­li­ge Tel-Awiw we War­şa­wa gi­ri­zi­lip­dir.
Mun­dan baş­ga-da, sy­ýa­hat­çy­la­ryň Fi­lip­pin­ler­de dynç al­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy ep=esli ar­tan eken. On­dan soň­ra sa­naw­da Ko­re­ýa, Sa­ud Ara­bys­ta­ny we Ni­der­land­lar gel­ýär. Mü­sü­riň, Tu­ni­siň, Tür­ki­ýä­niň we Bra­zi­li­ýa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ri­len barlagda so­wal­la­ryn­da gy­zyk­lan­ma­la­ryň möç­be­ri on­çak­ly köp bol­ma­dy. Şeý­le hem ge­çi­ri­len bar­lag­lar 2009-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2019-njy ýyl­da adam­lar Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň we Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ne has köp üns be­rip­dir­ler.

Aý­gö­zel RE­JE­PO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.