UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň “Aýnt­raht” to­pa­ry edil “Aýaks” ýa­ly fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ni geň gal­dyr­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Mun­dan öň­ki tap­gyr­lar­da “Şaht­ýor­dyr” “In­te­ri” ýa­ryş­dan çy­ka­ran “Aýnt­raht”çär­ýek fi­nal­da “Ben­fi­ka­dan” üs­tün çyk­dy. Ýog­sam ne­mes to­pa­ry 1-nji oýun­da 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­lip­di. Öz meý­dan­ça­syn­da Kos­tiç we Ro­de­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ýe­ňen “Aýnt­raht” Ýew­ro­ku­bok­lar­da 4-nji ge­zek ýa­rym fi­nal­çy bol­dy. Olar soňky sapar 39 ýyl ozal ýarym finala çykypdy. Pra­ga­dan ýe­ňiş bi­len do­la­nan “Çel­si” Lon­don­da il­ki ara­ny aç­sa-da, soň­lu­gy bi­len, al­jy­raň­ňy ýag­da­ýa düş­di. Gar­şy­da­şy “Sla­wi­ýa” ga­ra­nyň­da, tej­ri­be ýü­ki ýe­tik “Çel­si” ahy­ryn­da ady­ny ýa­rym fi­na­la ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Oý­nuň 30 mi­nu­ty dol­man­ka 4 gol ge­çi­ren “Çel­si” 26-njy mi­nut­da-da to­ru­na 1 gol goý­ber­tdi. 51-nji we 55-nji mi­nut­lar­da­ky Şew­çi­giň gol­la­ry “Sla­wi­ýa” to­pa­ry­na ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Myh­man­çy­lyk­da 3–1 ýe­ňen “Wa­len­si­ýa” öz meý­dan­ça­syn­da-da “Wil­ýar­rea­ly” La­to we Pa­re­ho­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji oýun­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, ýa­rym fi­na­lyň bo­sa­ga­syn­dan il­kin­ji ädi­mini äden “Ar­se­nal” Ita­li­ýa­da hem “Na­po­li­den” üs­tün çyk­dy. 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden “Ar­se­na­lyň” adyn­dan 34-nji mi­nut­da Oba­me­ýang ta­pa­wut­lan­dy.
2-nji we 9-njy maý­da oý­nal­jak ýa­rym fi­nal oýun­la­ryn­da “Ar­se­nal” bi­len “Wa­len­si­ýa”, “Aýnt­raht” bi­le­nem “Çel­si” öza­ra güýç sy­na­ny­şar. “Aýnt­raht” bi­len “Çel­si” il­kin­ji ge­zek du­şuş­sa, “Ar­se­nal” bi­len “Wa­len­si­ýa” ozal öza­ra 5 du­şu­şyk ge­çi­r­di. Şo­la­ryň bi­ri 1980-nji ýyl­da­ky Ku­bok­çy­la­ryň ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­ly bo­lup, oý­nuň esa­sy wag­tyn­da ha­sap açyl­ma­dy. Pe­nal­ti­ler­de öňe saý­la­nan is­pan­lar ku­bo­gy ga­za­nyp­dy. Beý­le­ki 4 oýun Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çäk­le­rin­de bo­lup, 2001-nji ýyl­da çär­ýek fi­nal­da “Wa­len­si­ýa” “Ar­se­na­ly” ýa­ryş­dan çy­ka­ryp­dy (1–0, 1–2). 2002/03 möw­sü­min­de-de 2-nji tap­gy­ryň to­par­ça­la­ryn­da­ky oýun­lar 0–0 we 2–1 ha­sap­lar bi­len “Wa­len­si­ýa­nyň” peý­da­sy­na ta­mam­la­n­dy.