bo­ýun­ça möw­sü­miň 3-nji ýa­ry­şy Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. F1-iň ta­ry­hyn­da­ky 1000-nji ýa­ryş bo­lan bu “Gran Pri­de” bri­ta­ni­ýa­ly Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 56 aý­la­wy 1 sa­gat 32 mi­nut 06,350 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 75-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ha­mil­to­nyň to­par­da­şy, ýa­ry­şa 1-nji ha­tar­dan go­şu­lan finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas ýe­ňi­ji­den 6,5 se­kunt az ne­ti­je gör­ke­zip, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Şu möw­süm­de il­kin­ji ge­zek mün­be­re çy­kan Se­bas­ti­an Wet­tel (01:32:20,094) 3-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. Maks Wers­tap­pen, Şarl Lek­ler, Pi­er Gas­li, Da­ni­el Rik­ki­ar­do, Ser­hio Pe­rez, Ki­mi Ra­ik­ko­nen hem-de Alek­san­der Al­bon da­gy ta­ry­hy ýa­ryş­da öň­dä­ki on­lu­ga dü­şüp, utuk al­ma­gy ba­şar­dy­lar. Bu “Gran Pri­den” soň, utu­gy­ny 68-e ýe­ti­ren Ha­mil­ton 1-nji or­na beý­gel­di. On­dan 4 utu­gy kem Bot­tas 2-nji, “Red Bul­luň” gol­land sü­rü­ji­si Wers­tap­pen 39 utuk bi­len 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Möw­sü­miň 4-nji ýa­ry­şy 28-nji ap­rel­de Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.