Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­lary bi­len Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my ulu­dan toý­lan­ýar. Ýur­du­my­za dün­ýä­niň çar kün­je­gin­den ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň muş­dak­la­ry, bel­li at­şy­nas­lar, bi­ler­men­ler hem-de hü­när­men­ler gel­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň “At agy­nan ýer­de toý bo­lar” diý­­şi ýa­ly, türk­men be­de­wi­niň hor­ma­ty­na ba­gyş­la­nyp paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da köp san­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň IX mej­li­si, hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy hem-de “Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty” at­ly XI hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty bar.

Türk­men paý­tag­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň IX mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. 2010-njy ýyl­da dö­re­di­len, ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da dür­li ýurt­la­ryň aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni kö­pelt­mek, bu to­hu­my kä­mil­leş­dir­mek, onuň aja­ýyp to­hum­çy­lyk we sport hä­si­ýet­le­ri­ni ös­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan atşynaslaryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di. As­so­sia­si­ýa­nyň ag­za­la­ry­nyň yla­la­şyk­ly işi türk­men hal­ky­nyň mil­li baý­ly­gy, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şan­dy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak bo­ýun­ça işiň ge­ri­mi­ni ep-es­li gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
As­so­sia­si­ýa­nyň her ýyl Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de onuň işi­niň ne­ti­je­le­ri­ne hem-de hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri­ne ga­ral­ýar. Hü­när­men­le­riň hem-de meş­hur “be­hiş­di be­dew­le­riň” muş­dak­la­ry­nyň şeý­le yzy­gi­der­li du­şu­şyk­la­ry hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär, ony tä­ze bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar, der­wa­ýys pi­kir­ler we iş­jeň du­şu­şyk­lar bi­len baý­laş­dyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­lara ýüz­le­nip eden çy­ky­şyn­da ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li iş­ler ba­ra­da bel­läp geç­di. Mej­li­siň bar­şyn­da da­şa­ry ýurt­ly at­şy­nas­la­ra “Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy” di­ýen hor­mat­ly at­lar da­kyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­şa­ry ýurt­ly ra­ýat­la­ra sy­lag­la­ry gow­şur­dy. Sy­la­ga my­na­syp bo­lan myh­man­lar as­so­sia­si­ýa­nyň äh­li ag­za­la­ry­nyň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my bi­len gut­la­dy­lar. Olar bü­tin dün­ýä­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne, türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň tej­ri­be­si­ne we ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şah­sy hyz­mat­la­ry­nyň örän ulu­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Şeý­le hem paý­tag­ty­myz­da hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy açyl­dy hem-de “Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty” at­ly XI hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler at­çy­lyk pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar.