Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä dolduran hem-de ýurdumyzyň atşynaslyk sungatyny täze rowaçlyklara göteren hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly behişdi bedewlerimize bagyşlanan täze kitaby çapdan çykdy. Türkmen atçylyk pudagynyň gymmatly gollanmasyna öwrülen täze neşiriň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilmegi halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Şeýle hem bu neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza hem-de ahalteke tohum atlarynyň bütin dünýädäki köp sanly janköýerlerine ajaýyp sowgady boldy.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň toplumynda tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.Tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna gyzgyn söýgüsi üçin döwlet Baştutanymyza ägirt uly hoşallyk bildirdiler.
Täze döredijilik işi döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleriniň tapgyryny dowam edip, döwrüň hem-de nesilleriň, ýurdumyzyň taryhynyň we şu gününiň, at aýratyn orun tutýan medeniýetiniň aýrylmaz arabaglanyşygynyň duýgusyna beslenendir. “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaby 8 bölümden ybarat bolup, dünýä taryhynda atyň keşbiniň kemala gelşiniň geçmişini öz içine alýan gözýetimi yzygiderli açyp görkezýär.
Milli Liderimiz “Ýoluň – rowaç, iliň – rowaç!” diýen ilkinji, giriş bölüminde türkmenleriň taryhynyň atlar bilen neneňsi ysnyşykly arabaglanyşyklydygy hem-de bu arabaglanyşygyň milletiň ykbalyny neneňsi kesgitländigi, onuň häsiýetine neneňsi täsir edendigi barada pikir ýöredýär. “Bedew atyň ýüwrük bolsun!” diýen indiki bölümde türkmen bedewleriniň şöhratly senenamasynyň sahypalary, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde adamzadyň irki ösüş döwürlerinde olaryň goýan yzlary, milli atşynaslyk sungatynyň inçe syrlary barada köp gyzykly maglumatlar ýerleşdirildi.
“Owwal bedew aty gerek” diýen indiki bölümde türkmen edebi mirasynda, şol sanda “Görogly” şadessanynda bedewiň keşbi beýan edilen belent maksatlara we ruhy gymmatlyklara garalýar. “Asmandan inen ykbal” – milli Liderimiziň täze kitabynyň ýene-de bir bölümi şeýle atlandyrylýar. Onda meşhur seýis Aba Annaýewiň durmuşynyň mysalynda türkmen atşynaslygynyň däpleri barada gürrüň berilýär. “At – türkmen üçin ähli zat” diýen bölüm Türkmenistanyň döwlet nyşanynda – Tugrasynda bedewiň şekillendirilmegine hem-de türkmen atşynaslyk mekdebinde halypaçylyk däpleriniň dowam etdirilmegine, kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine we tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ulgamynda hem-de atçylyk sportunda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlaryna bagyşlanypdyr. Bu bölüm “Ýanardagyň ýedi arkasy” diýen bölüm bilen sazlaşykly utgaşýar. Şonda onuň ugry beýan edilýär hem-de Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynda şekillendirilen ajaýyp bedewiň gelip çykyşy hakynda beýleki maglumatlar berilýär. Kitap “Tejribe hem-de kämillik” diýen bölüm bilen dowam edip, döwlet Baştutanymyz onda milli taryha hormat goýmak, mirasy gorap saklamak we ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk arkaly ösüp gelýän nesli terbiýelemek hakynda pikir ýöredýär. “Toý gününde bedew atlar çapylar” diýlip atlandyrylan jemleýji bölüm türkmen dabaralarynyň hem-de baýramçylyklarynyň gyzykly pursatlaryna – at çapyşyklaryna we milli oýunlara bagyşlanypdyr. Bu ýerde milli Liderimiz bedewler bilen didarlaşmagyndan özünde galan täsirleri, olar bilen duşuşan mahaly, at üstünde gezim edýän ýa-da türgenleşik geçýän wagtlary döreýän pikirleri paýlaşýar.
Döwlet Baştutanymyz kitabynyň ahyrynda hemme beýan edenlerini jemläp we umumylaşdyryp, pikirini şeýle jemleýär: “Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin pelsepe sazlaşygyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!”.