Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen bu gezekki uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine ýurdumyzdan we daşary döwletlerden bedew muşdaklarynyň köp sanlysy gatnaşdy.
Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine, halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XI halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.
Awstriýaly baş emin Markus Mak Hubmann uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine badalga berdi. Ýelden ýyndam ahalteke bedewleri özleriniň “asman bedewleri” diýen adyna kybap gelmek bilen pellehana tarap okgunly çapdylar. Bäsleşigiň ugry her biri 30 kilometr bolan iki tapgyrdan düzüldi we Köpetdag şaýolunyň ýakasy bilen gumaksy ýoldan geçdi. Ýaryşa bedewleriň otuza golaýy gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda, Milli atçylyk sport merkezinde, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň welaýatlardaky athanalarynda hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň athanalarynda seýislenýän bedewler bar. Bu ýaryşda bedewler diňe bir ýyndamlygyny däl, eýsem, öz çydamlylygyny hem görkezmeli bolar. Çapyşyk wagtynda bedewler iki gezek lukmançylyk gözegçiliginden geçdi. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi halkymyzyň uçar ganaty hasaplanylýan bedewleriň beden taýýarlygyna, çydamlylygyna, çapyksuwarlaryň ussatlyk derejesine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Uzak aralyklara çapýan bedewler milli seçgiçileriň we seýisleriň öz işine yhlasynyň aýdyň görkezijisidir.
Bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde bolar.