Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolup, olar dünýäniň köp sanly ýurdunda uly meşhurlyga eýe boldular.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenýän günlerinde Bolgariýa Respublikasynda ahalteke bedewlerimiziň hormaty belentden tutuldy. Ýurduň baş poçta edarasy türkmen bedewlerine bagyşlanan marka çykardy.
22-nji aprelde Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherindäki baş poçta edarasynda “Bolgarpoçta”-nyň ýerine ýetiriji direktory Deýan Douneşki we Bolgar-türkmen söwda-senagat palatasynyň wekilleri “Ahalteke bedewi – türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty” atly poçta markasynyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Bolgar poçtasynyň resmi saýty habar berýär. Marka 0,65 bolgar lewasy bilen bahalanýar. Taslamanyň awtory suratkeş Todor Angeliýewdir.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiziň hormatyna diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeginde birnäçe çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň atçylyk sungatyna goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Maksat SAPAROW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.