Asylly däbe görä, şanly seneleriň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze desgalar ulanmaga berilýär. Ine, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli birbada iki welaýatda – Daşoguz we Lebap welaýatlarynda dürli maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçirildi, munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýöredilýän durmuş syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
24-nji aprelde Daşoguz şäheriniň “Nowruz” ýaşaýyş toplumynda köp öýli iki ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Bu binalar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmensenagat” agentliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” kärhanasynyň demirbeton önümleri zawodynyň ýerli gurluşyk edarasy tarapyndan guruldy. Dört gatly binalaryň her birinde iki hem-de üç otagly, ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýleriň 16-sy ýerleşýär, olary timarlamakda ýokary hilli döwrebap gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Bu ýerde ýaşaýjylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir, bu şertler giň otaglary, eýwanlary we dürli kömekçi jaýlary öz içine alýar.
* * *
Şeýle hem şol gün Hojambaz etrabynyň dolandyryş merkezinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu desga Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edildi. Aragatnaşyk işgärlerini welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gutladylar. Etrabyň aragatnaşyk bölüminiň binasy milli Liderimiziň şähergurluşyk düzümine bildirilýän talaplary hasaba alnyp guruldy. Iň öňdebaryjy enjamlar we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilen täze binada “Altyn asyr” sanly aragatnaşyk gullugy, merkezi poçta, 1 müň 680 belgili awtomatlaşdyrylan telefon bekedi, ilata hyzmat etmek boýunça giň otaglar, iş otaglary, durmuş maksatly jaýlar ýerleşýär. Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we agaç nahallary ekildi.
Muhat JUMABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.