ABŞ-nyň Los-Anjeles ştatynyň Kaliforniýa uniwersitetiniň bilermenleri ýagýan gardan elektrik toguny almak babatda enjam oýlap tapdylar. Bu baradaky ylmy-barlag işi “Nano Energy” žurnalynda çap edildi.
– Enjam örän ykjam we gymmat däl. Ony daşrakdaky etraplarda hem ulanmak we özüňe gerekli elektrik energiýany öndürmek bolar – diýip, ylmy-barlag işini alyp baran bilermen Riçard Kaner gürrüň berýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä, Ýer şarynyň 30 göterimi gyş paslynda gar bilen örtülýär. Täze enjam plastina görnüşinde bolup, ony Gün panellerini ýerleşdirmek bolar. Şonuň netijesinde hem gar ýagýan pursatynda üznüksiz elektrik energiýasyny öndürmek bolar.
Şeýle hem enjam garyň näçe mukdarda we haýsy ugurda ýagýandygyny kesgitlemek mümkinçiligine eýedir. Şol bir wagtda ol ýeliň tizligini we ugruny kesgitläp bilýändigi üçin onuň meteorologiýa hyzmatyny hem ýerine ýetirýändigini bellemek bolar. Bu enjamy sportuň gyşky görnüşlerinde hem ulanmak bolar. Mysal üçin, lyžaly türgenleriň hereketlerine baha bermekde örän amatlydyr. Bu enjamy ýasamak üçin 3D printer tehnologiýasyndan peýdalanyldy.
Maksat OMAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.