Söweş aty
(Maýkl Morpurgo, iňlis ýazyjysy)
Dostluk baradaky ýürek gopduryjy eser. Şeýle dostlugyň bar ýerinde hiç bir zat gorkuly däldir. Bu dostluk Jou diýen at bilen Albert atly oglanjygyň arasynda bolup geçýär. Aty urşa äkidýärler. Oglanjygam atynyň yzyndan gitmegi ýüregine düwýär. Ýöne heniz ýaşynyň ýetmeýändigine garamazdan, ol niýetinden el çekmeýär. Mümkinçilik dörän badyna ol urşa gidýär we weterinar bolup işe başlaýar. Ol gyzylymtyl reňkli ajaýyp atyna sataşaryn öýdüp umyt edýär.
Iň soňky tapgyr
(Ken Kizi, amerikan ýazyjysy)
Ken Kiziniň bu eseri XX asyrda uly meşhurlyga eýe bolýar. Eserdäki atlar, kowboýlar, mustanglar bilen baglanyşykly gyzykly wakalar bütin düýrmegi bilen okyjyny özüne çekýär. Romandaky real wakalar 1911-nji ýylda bolup geçýär.
Atlar, atlar…
(Kormak Makkarti, amerikan ýazyjysy)
Roman 16 ýaşly Jon Greýdi atly oglanjyk barada. Ol babasy dünýäsini täzeländen soňra, özüniň önüp-ösen ýeri bolan rançonyň satylmagyna hiç çydamaýar we durmuşyny şonsuz göz öňüne getirip bilmeýär. Ähli zatdan göwni geçen oglanjyk bar zady taşlap dosty bilen ata atlanyp, Meksika ugur alýar. Gahrymanlar köp kynçylyklary başdan geçirýärler, ýöne olaryň gören görgüleri diňe taplanmagyna sebäp bolýar.
Atlaryň jadygöýi
(Nikolas Ewans, iňlis ýazyjysy)
Atly gezelenje çykan 30 ýaşly Greýs agyr betbagtçylyga uçraýar. Onuň uýasy we söýgüli aty Piligrim gudrat bilen diri galýar. Greýsiň ejesi atyň ölüminiň, gyzynyň ölümi bilen barabardygyna düşünýär. Greýsiň ejesi Enni ýaradar atyny tebip Tom Bukere görkezmegi ýüregine düwýär. Ol ýörite furgonda Piligrimi tebibe alyp gidýär. Eýsem, tebip Greýsiň söýgüli atyny bejerip bilýärmi? Eýsem, ol gyzgjagazda özüne bolan ynamy, ýaşaýşa bolan söýgini oýaryp bilýärmi?
Atly ýöremegiň sapaklary
(Sara Gruen, kanadaly ýazyjy)
Romanyň baş gahrymany Annemari Simmer çagalygyndan uly tama edilýän çapyksuwar bolup ýetişýär. Ol özüniň söýgüli aty bilen birgiden kynçylyklary ýeňip geçýär.
Uly-kiçi – ähli ýaradylanlar
(Jeýms Herriot, iňlis ýazyjysy)
Jeýms Herriot weterinar, uçarman bolup, öz döredijiligini bedewlere we beýleki jandarlara bagyşlan awtordyr. Onuň atlara we beýleki jandarlara bolan söýgüsi şowly çykan bu eseriniň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär.
Atlar näme üçin aglaýarlar?
(Fýodor Abramow, rus ýazyjysy)
Hekaýanyň baş gahrymany oba ýaşaýjysy bolup, ol mähirli, oňat adam. Eseriň gahrymany atlara çynlakaý duýgudaşlyk bildirýän ynsan. Ol bedewlere eserdeň çemeleşip, olary alada bilen gurşap almalydygyny öwredýär.
Taloniniň agtygy
(Pýotr Şirýaýew, rus ýazyjysy)
Pýotr Alekseýewiç Şirýaýew seýisçilikden oňat baş çykaryp, bu oňa täsirli eserleri döretmäge mümkinçilik beripdir. Eserdäki wakalar raýatlyk urşy döwründe bolup geçýär. Eýsem, Orlow aty Lest nädip daýhanyň eline düşýär. Eserde bu tohum ata düşünmek üçin daýhanyň çeken jebir-jepalary barada gürrüň berilýär. Eserdäki gürrüňler real wakalara esaslanýar.