Hormatly Prezidentimiziň: “Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr” diýip belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri söz ussatlarynyň döredijiliginde naýbaşy gymmatlyk hökmünde giňden wasp edilýär. At idetmekde, bakyp-bejerip, aýlawlarda çapdyryp, tälim bermekde tebigy başarnygy bolan türkmen halkynda ussat seýisler bolupdyr. Göz-guwanjyna, uçar ganatyna deňän bedewlerini söz bilen beýan etmekde-de türkmen halky ýokary derejä ýetipdir.
Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” we “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplarynda ýelden ýüwrük, toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär. Bu kitaplar türkmen halkymyza, esasan hem, atçylyk sungaty bilen gyzyklanýan atşynaslara, ahalteke bedewlerimiziň janköýerlerine uly ylham çeşmesidir.
Ahalteke bedewleri “Gorkut ata”, “Görogly” şadessanlaryndan başlap, edebi döredijiligiň ähli görnüşlerinde hem öz beýanyny tapýar.
“Gorkut ata” şadessanynyň “Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek” boýunda Birek öz aty – boz aýgyry bilen sözleşýär:
Açyk-açyk meýdana meňzär alynjygyň,
Şam çyraga meňzär gözjagazyň.
Ýüpege meňzär ýaljagazyň.
Goşa gardaşa meňzär gulajygyň.
Äri myradyna ýetirer arkajygyň.
At diýmerin saňa, gardaş diýerin.
Gardaşymdan ýeg, at!
Başyma iş düşdi, ýoldaş diýerin.
Ýoldaşymdan ýeg, at!
“Görogly” şadessanynda bedewe adam häsiýetleri berilýär. Heniz taý wagtyndan Gyratyna Göroglynyň ünsi gidýär. Jygaly beg Gyratyň Göroglynyň özüne kybapdaş bedew at bolup ýetişmegi barada alada edýär. Birkemsiz bejerip-besleýär, terbiýeleýär. Onuň yhlasy ýerine düşýär. Gyrat garaşylyşyndanam gowy at bolup ýetişýär. Agyr söweşlere Görogly bilen bile gatnaşýar. Agzyny hatap ýaly açyp, duşman üstüne topulmak bilen, Göroglynyň ýeňişlerine öz hemaýatyny ýetirýär. Kynçylykly ýagdaýlarda-da Göroglyny agyr howplardan halas edýär. Ol çykgynsyz ýagdaýa düşende, Gyratdan hemaýat isleýär. Gyrat onuň dadyna ýetişýärem. Şum kempiriň Gyraty ogurlap, ony syrdaşyndan jyda düşürenindäki aýralyk gerçek Görogla doganyndan aýrylan ýaly agyr degýär we Gyrat bilen geçilen gahrymançylykly ýollary ýatlap, şeýle diýýär:
Bagtly men, münsem seniň üstüňe,
Bir şum kempir geldi seniň kastyňa,
Görogly beg, jebir eýlediň dostuňa,
Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!
Ýöne Görogly ruhdan düşmeýär. Ol syrdaşynyň gözlegine çykýar. Gyratyna duşan pursatyny bolsa, seýle taryplaýar:
Seni diýip geldim Çandybilimden,
Isledigim, soradygym Gyrat sen.
Bir ýyl boldy aýra düşdüm ilimden,
Isledigim, soradygym Gyrat sen.
Meşhur halk aýdymyna öwrülen “Gyrat, meni Çandybile sen ýetir” goşgusynda hem Gyrat hemmetaraplaýyn taryp edilýär. Bu goşgy Görogly agyr ýaraly bolup, ejir çeken wagty aýdylan setirlerdir. Görogly beg bu kynçylykly pursatda hem öz derdini Gyrat bilen paýlaşmak bilen:
Çandybile az galypmy aramyz,
Hakyň takdyryna nedir çärämiz,
On sekiz ýerimden düşdi ýaramyz,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir
– diýip, syrdaşyna ýüzlenýär.
Nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijilinde hem türkmen bedewiniň waspy ýetirilýär. Magtymguly Pyragy özüniň “Aty gerek” goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirmeýär:
At gazanar goç ýigidiň
Owal bedew aty gerek,
Gelene garşy çykmaga,
Ýagşy muhabbeti gerek.
Seýdi “Üsti bedewiň” goşgusynda bedew aty hemmetaraplaýyn taryp edýär. Ol ata gowy seredip, onuň eýer-esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, onuň üstüniň “Süleýmanyň tagtyndan” kem däldigini aýdýar:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň,
Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Magrupy “Ýigide gaýratdyr bedew” atly goşgusynda kümüşden nal kakdyryp, iýmitini dürli iýmişden edip seretseň, bedew atyň ýüwrükliginiň ýelden, guşdan kem däldigini:
Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden.
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew
– diýip, çeper suratlandyrýar. “Bedewe gowy seretseň, bakyp-bejerseň, ol saňa zürýadyň ýaly hem syrdaş, hem ýoldaş bolar” diýip, tarypyny ýetirýär.
Mollanepes “Bedew” goşgusynda aty adamyň gylyk häsiýeti bilen deňeşdirip şeýle diýýär:
Häsiýetiňni aýtsam, söýetiň söýgüli sen,
Akly adam, jynsy haýwan, keseri dana bedew.
Mätäji bedewiň waspyny aýdyp, eýer-esbaby ýerbe-ýer, ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen haýrana goýan bedewlerimizi şeýle taryp edýär:
Men şu gün waspyňny aýdaý turpa nyşanly bedew,
Zinkesi zerbapdan olgan, gyrmyzy jully bedew,
Segredip meýdana çyksa, üsti şemally bedew,
Şalara tarypy ýetgen, şahymar dilli bedew,
Bili syk, boýy deraz, sagrysy meýdanly bedew.
Gyz ýaly saýhally, goç ýigit ýaly namysjaň bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegi, çeper döredijiligiň we ruhy galkynyşyň ylham çeşmesidir.
Sumbar ALYŞIROW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.