Dilçiler dünýäniň iň kyn we täsin dilleriniň täze sanawyny düzdüler. Dünýäde 7 müňe golaý dil bolup, olaryň birnäçesi şol bir diller maşgalasyna degişli. Käbir diliň goşulmalary sözüň ahyryna goşulýan bolsa, käsiniňki öňüne, käbiri bolsa, has başgaça gurluşly bolýar. Dünýäniň iň köp gepleşilýän dili bolan iňlis dili hem bu sanawa girizilipdir. Diliň taryhy ösüşini hem öwrenen dilçiler bu maglumatlary Dünýä dil gurluşlary atlasy (WALS) atly maglumat bazasy üçin topladylar. Dili öwrenijiler jemi 239 dil barada maglumat taýýarlapdyrlar. Sanawyň başynda çalkatongo mikstek dili bolup, bu dilde gepleşýänleriň sany 6 müň töweregi. Adatça, bir dilde, 25-30 ses bolýar. Braziliýada Amazon tokaýlarynda ýaşaýan taýpanyň gürleşýän piraha dilinde bolsa, 8 çekimsiz we 3 çekimli harp bar. Taa atly dilde bolsa, 100-den gowrak ses bar. Sanawda 33-nji bolan iňlis dilinde 26 harp bolup, diliň şiweleri hem hasaba alnanda, jemi 44 ses bar. Diliň üstki kentlewüge degmegi bilen çykýan “th” sesi bolsa, dünýä dilleriniň 10 göteriminde bar. Diller gurluş taýdan toparlara bölünip, käbir dilde sözler asyl düýp söz we goşulmalara bölünmän, onuň sözlem içindäki tertibi grammatik manyny berýär. Käbir dilde bolsa, söz üýtgeýşiniň ösen ulgamy bolýar. Dünýä ilatynyň az sanlysynyň gepleşýän käbir dillerinde bolsa, sözlem sözleriň goşulmagy bilen ýasalýar. Ýagny birnäçe sözden ybarat bolan goşma söz gutarnykly manyny aňladýar.
Aýna BerdiÝewa, Türkmen döwlet
maliýe institutynyň mugallymy.