Bir wagt­lar çy­kyş ed­ýän çem­pio­nat­la­ryn­da yzy­gi­der­li çem­pi­on­lyk­lar ga­za­nan kä­bir to­par­la­ryň şol çem­pi­on­lyk­la­ry­ny gaý­ta­la­man­dy­gy­na köp wagt geç­di. Ola­ryň kä­bir­le­ri ada­ty to­par­la­ryň ha­ta­ry­na öw­rü­lip git­di. Şol bir­wag­tyň özün­de-de, ola­ryň kä­bi­ri öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da-da çem­pi­on bo­lar­dan ju­da daş­da.

“Liwerpul” – 29 ýyl
Fut­bo­lyň wa­ta­ny Ang­li­ýa­da hä­zir­ki wagt­da çem­pi­on­lyk ug­run­da “Man­çes­ter Si­ti” bi­len ýi­ti gö­reş alyp bar­ýan “Li­wer­pul” soň­ky sa­par çem­pi­on bo­la­nyn­da en­tek “Pre­mi­er li­ga” dö­re­dil­män­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, iň­lis fut­bo­ly­nyň iň köp çem­pi­on bo­lan 2-nji to­pa­ry 29 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­lyk ga­za­nyp bi­le­nok. 1992/93 möw­sü­min­de “Pre­mi­er li­ga” diýlip at goýlan Angliýanyň ýokary ligasynda “Li­wer­pul” soň­ky sa­par 1989/90 möw­sü­min­de çem­pi­on bo­lupdy. 18 gezek çempion bolan “Li­wer­pul” şol wagt­lar ýur­duň iň uly to­pa­ry­dy. Aleks Fer­gu­so­nyň “Man­çes­ter Ýu­naý­ted­de” uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ga­za­nan çem­pi­on­lyk­la­ryn­dan soň, “Li­wer­pul” 2-nji or­na düş­di. 2002-nji, 2009-njy hem-de 2014-nji ýyl­lar­da çem­pio­na­ty 2-nji orun­da ta­mam­lap, al­tyn me­da­la go­laý­lap­dy­lar. Aý­ra­ty­nam, 2014-nji ýyl­da soň­ky tap­gyr­lar­da “Çel­si­den” öz meý­dan­ça­syn­da 2–0 utu­lyp, çem­pi­on­ly­gy “Man­çes­ter Si­tä” al­dy­ryp­dy. Şon­da 1-nji gol­da Sti­wen Je­rar­dyň bü­d­räp, to­py al­dyr­ma­gy en­tek-en­tek­ler köp­le­riň ýa­dyn­dan çyk­ma­sa ge­rek. 2015-nji ýyl­da Ýur­gen Klop­py tä­lim­çi­li­ge bel­län to­pa­ryň şon­dan soň çem­pi­on bol­mak umy­dy has-da ar­typ baş­la­dy. Owa­dan oý­ny we ha­ta­ryn­da­ky ýyl­dyz­la­ry bi­len ta­rap­ly-ta­rap­syz jan­kö­ýer­le­riň gyz­gyn söý­gü­si­ni ga­za­nan klu­buň bu ýyl 29 ýyl­lyk çem­pi­on­lyk arzuwyna ýetip-ýetmejekdigi ga­lan 3 tap­gyr­dan soň bel­li bo­lar.

“Tot­ten­ham” – 58 ýyl
Ang­li­ýa­da hä­zir­ki wagt­da owa­dan oýun gör­kez­ýän to­par­la­ryň ýe­ne bi­ri “Tot­ten­ham” bo­lup, de­mir­ga­zyk lon­don­ly­la­ryň soň­ky ge­zek çem­pi­on bo­la­nyna ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt geç­di. Ta­ry­hyn­da 2 ge­zek – 1951-nji we 1961-nji ýyl­lar­da Ang­li­ýa­nyň çem­pio­ny di­ýen de­re­jä ýe­ten “Tot­ten­ham” 2 ýyl ozal ýeňşe go­laý­la­sa-da, ola­ra ar­zy­ly sep­gi­de ýet­mek ba­şart­ma­dy. Hä­zir­lik­çe çem­pi­on­lyk az-ow­lak daş­rak­da gö­rün­ýän hem bol­sa, “Pre­mi­er li­ga­da­ky” uly 6 to­pa­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan “Tot­ten­ha­myň” tä­lim­çi­si Po­çet­ti­no­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da bel­ki ar­zuw­la­ry ha­syl bo­lar.

“Na­po­li” – 29 ýyl
Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Se­rie A-da” hem köp wagt­dan bä­ri çem­pi­on bo­lup bil­me­ýän to­par­laryň sany az däl. Se­bä­bi çem­pio­na­ta 8 ýyl­dan bä­ri “Ýu­wen­tus” hök­mü­ro­wan­lyk edip gel­ýär. Edil “Li­wer­pul” ýa­ly “Na­po­li­niň” hem soň­ky ge­zek çem­pi­on bo­la­ny­na şu ýyl 29 ýyl bol­ýar. Ro­wa­ýa­ty fut­bol­çy Die­go Ma­ra­do­nanyň çy­kyş eden ýyl­lar­ynda — 1987-nji we 1990-njy ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Na­po­li” ge­çen möw­sümde ýeň­şe tas go­laý­lap­dy. 26-njy tap­gy­ra çen­li 1-nji or­ny sak­lan “Na­po­li” 34-nji tap­gyr­da myh­man­çy­lyk­da “Ýu­wen­tu­sy” ýe­ňip, ara­ta­pa­wu­dy 1 utu­ga dü­şü­rip­di. 35-nji tap­gyr­da-da “Fio­ren­ti­na­dan” 3–0 as­gyn ge­len “Na­po­li” çem­pi­on­lyk ar­zu­wy­ny so­ňa goý­ma­ly bo­lup­dy. Edil şo­nuň ýa­ly, paý­tag­t Ri­miň klub­la­ry-da soň­ky sa­par 2000-nji we 2001-nji ýyl­lar­da “Scudet­to­ny” ga­za­nyp­dy­lar. Mi­lan şä­he­ri­niň we­kil­le­ri-de “Ýu­wen­tus­dan” öň çem­pi­on bo­lan soň­ky klub­lar ha­sap­lan­ýar (“In­ter” – 2010, “Mi­lan” – 2011). “Se­rie A-nyň” baş­ga bir ady­gan klu­by “Fio­ren­ti­na­nyň” soň­ky sa­par çem­pi­on bo­la­ny­na şu ýyl ýa­rym asyr dol­ýar.

“Sent Etien” – 38 ýyl
Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Li­gue 1-de” iň köp çem­pi­on bo­lan to­par haý­sy diý­lip so­wal be­ril­se, köp­ler PSŽ, “Mo­na­ko”, “Mar­sel” ýa-da “Li­on” diý­me­gi müm­kin. Ýö­ne bu beý­le däl. 10 çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Sent-Etien” kluby “Li­gue 1-de” iň köp çem­pi­on bo­lan topardyr. “Sent-Etien” iň soň­ky sa­par çem­pi­on­lyk ga­za­na­nyn­da senenama 1981-nji ýy­ly gör­kez­ýär­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, to­pa­ra 38 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­lyk ga­zan­mak ba­şar­da­nok. Hä­zir­ki wagt­da or­ta­tap to­par­la­ryň ha­ta­ryn­da bo­lan “Sent-Etie­niň” çem­pi­on­lyk küý­se­gi en­tek­ler diň­je­ge meň­zä­nok.

“At­le­tik Bil­bao” – 35 ýyl
Is­pa­ni­ýa­da soň­ky 20 ýyl­da “Bar­se­lo­na” çem­pi­on­lyk­la­ryň deň ýa­ry­ny ga­zan­dy. Şol dö­wür­de “Re­al Mad­rid” 6 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. “La Li­ga­dan” bir ge­zek hem aşa­ky li­ga düş­me­dik 3 to­pa­ryň bi­ri we iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan 4-nji klub “At­le­tik Bil­bao­nyň” (8 çem­pi­on­lyk) al­tyn me­dal ga­za­nyp bil­män ýö­re­ni­ne köp wagt geç­di. Soň­ky sa­par 1984-nji ýyl­da çür de­pä çy­kan “At­le­ti­giň” jan­kö­ýer­le­ri to­par­dan 35 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­ga ga­raş­ýar­lar. Şeý­le-de Is­pa­ni­ýa­da 6 ge­zek ýe­ňi­ji bo­lan “Wa­len­si­ýa” 14, 2 çem­pi­on­ly­gy bo­lan “Re­al So­sie­dada” 36 we 1 sa­par 1-nji ýe­ri eýe­län “De­por­ti­wo” to­pa­ry­na-da 28 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­lyk ne­sip ede­nok.

“Bo­rus­si­ýa M.” – 42 ýyl
Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” çem­pi­on­lyk ga­zan­mak­da “Ba­wa­ri­ýa” taý ta­py­la­nok. “Ba­wa­ri­ýa­dan” soň, “Bun­des­li­ga­da” iň köp çem­pi­on bo­lan­lar 2 at­daş klub — Mön­heng­lad­ba­hyň hem-de Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa” to­par­la­ry­dyr. Iki­si-de 5 ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy. Dort­mund­ly­lar soň­ky ge­zek 2012-nji ýyl­da çempionlyk ga­za­nan bol­sa, “Bo­rus­si­ýa M.” to­pa­ry­nyň çem­pi­on bo­la­ny­na 42 ýyl do­lup bar­ýar. 1970-nji ýyl­la­ryň güýç­li to­pa­ry soň­ky sa­par 1974–1977-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 3 çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. To­par şon­dan bä­ri wag­tal-wag­tal öň­dä­ki dört­lü­ge düş­se-de, ola­ra ar­zy­ly bi­rin­ji­li­ge ýet­mek hä­zir­lik­çe mi­ýes­ser ede­nok.

“Spor­ting” – 16 ýyl
Por­tu­gal fut­bo­ly diý­len­de, 3 klub “Spor­ting”, “Ben­fi­ka” hem-de “Por­to” to­par­la­ry ýa­dyňa düş­ýär. 85 ýyl­lyk çem­pio­na­tyň ta­ry­hyn­da çem­pi­on­ly­gy şu 3 to­par ge­zek­le­şip eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Bu 3 to­pa­ryň ara­syna di­ňe “Be­le­nen­şeş” bi­len “Boa­wiş­ta” to­par­la­ry bir ge­zek go­şul­dy. 3 lä­heň­ler di­ýil­ýän to­par­la­ryň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­na­ny “Ben­fi­ka” bo­lup, olar 34 ge­zek hor­mat mün­be­ri­niň çür de­pe­si­ne çyk­dy­lar. 28 çem­pi­on­lyk bi­len “Por­to” 2-nji, 16 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan “Spor­ting” 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Ýö­ne “Spor­ting” soň­ky sa­par ku­bo­gy 2002-nji ýyl­da as­ma­na gö­te­rip, olar 17 ýyl­dan bä­ri bu ar­zuw­la­ry­na ýe­tip bi­le­nok. Bu möw­süm­de-de 2 lä­he­ňiň yzyn­da ga­lan to­par çem­pi­on­lyk ar­zu­wy­ny so­ňa goý­ma­ly bol­dy.

“Trab­zons­por” – 34 ýyl
Tür­ki­ýä­niň “Su­per Li­gin­de” hem di­ňe 5 to­par çem­pi­on bo­lup, ola­ryň ag­la­ba­sy­ny Stam­bu­lyň 3 lä­he­ňi öza­ra paý­laş­ýar. 4-nji uly to­par ha­sap­lan­ýan “Trab­zons­po­ryň” ta­ry­hyn­da 6 çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ga­ra­de­ňiz­li­ler soň­ky sa­par 1984-nji ýyl­da, mun­dan 35 ýyl ozal, ýe­ňiş ga­za­nyp­dy­lar. 1996-njy we 2011-nji ýyl­larda çem­pi­on­ly­gy soň­ky du­şu­şyk­lar­da “Fe­ner­bah­çe” to­pa­ry­na al­dy­ran “Trab­zons­po­ryň” jan­kö­ýer­le­ri 7-nji çem­pi­on­lyk üçin hä­zir­lik­çe ga­raş­ma­ly bol­arlar.