Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da Tu­rin­de “Fio­ren­ti­na­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen “Ýu­wen­tus” bas­syr 8-nji, umu­my­lyk­da-da 35-nji çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Şeý­le­lik­de, Go­ja Sin­ýo­ra Ýew­ro­pa­nyň TOP-5 li­ga­syn­da yz­ly-yzy­na iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par bol­dy. “Ýu­wen­tu­syň” su­per ýyl­dy­zy Kris­tia­no Ro­nal­do Ang­li­ýa­dyr Is­pa­ni­ýa­da hem-de Ita­li­ýa­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji fut­bol­çy di­ýen ady eýe­le­di. Ol tä­lim­çi Žo­ze Mou­ri­nio­dan soň, mu­ny ba­şa­ran 2-nji şah­sy­ýet bol­dy. Tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da “In­ter” bi­len “Ro­ma” 1–1 deň­me-de oý­na­dy. Çem­pio­nat­da 4-nji ýer ug­run­da 5 to­pa­ryň — “Mi­lan”, “Ata­lan­ta”, “Ro­ma”, “To­ri­no”, “La­sio” klub­la­ry­nyň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär. “Se­rie A-da” myh­man­çy­lyk­da “La­sio­ny” 2–1 ýe­ňen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, “Kie­wo” to­pa­ry aşa­ky li­ga düş­di.