Döwlet Baştutanymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­myn­da ug­le­wo­do­rody düýp­li gaý­ta­dan iş­le­me­giň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä ba­zar­la­ry­na ug­ra­dyl­ma­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, ýo­ka­ry go­şu­lan ba­ha­ly önüm­le­ri ön­dür­mek, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­ler we iri tas­la­ma­lar şu ýy­lyň 21-22-nji ma­ýyn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň X ýu­bi­leý Hal­ka­ra gaz kong­re­si­niň gün ter­ti­bin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Hä­zir­ki wagt­da her ýyl iri we dün­ýä bel­li ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny, hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­ni, dün­ýä­niň ma­li­ýe eda­ra­la­ry­ny, dip­lo­ma­tik to­par­la­ryň we bi­ler­men­ler jem­gy­ýet­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­ýän bu giň ge­rim­li fo­ru­ma iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, öň­de bol­jak du­şu­şy­ga “Exxon Mo­bil”, “Shell”, “Gazp­rom” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti, “Pet­ro­nas”, “CNPC”, “Hy­un­dai”, “Ka­wa­sa­ki”, “NA­PECO”, “Vitol”, “Dra­gon Oil”, “ENI”, “Bu­ri­ed Hill”, “LG”, “Gaff­ney, Cli­ne & As­socia­tes” we baş­ga-da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy dü­züm­le­ri gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­di. Bu sa­naw gün­sa­ýyn art­ýar, mu­nuň özi dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka işe­wür­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­na gy­zyk­lan­ma­sy­nyň ýokarydygyna şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň X Hal­ka­ra gaz kong­re­si “Gaz – gel­je­giň ýan­gy­jy” di­ýen mow­zuk as­tyn­da ýo­ka­ry de­re­je­li umu­my mej­lis bi­len açy­lar. Gör­nük­li sel­jer­me ge­çi­ri­ji­ler, ne­bit­gaz pu­da­gyn­da bar­lag ge­çir­ýän iri agent­lik­ler ýa­kyn on ýy­lyň için­de dün­ýäde te­bi­gy ga­za bo­lan is­le­giň art­jak­dy­gy­ny ynam­ly çak­la­ýar­lar.
Öň­de bol­jak gaz fo­ru­myn­da mö­hüm me­se­le­le­riň ýe­ne-de bi­ri “TOPH – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň tur­ba ge­çi­ri­ji­si” bo­lar. Bu bö­lüm­de tas­la­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri, ony ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat­lar bi­len ta­nyş­dy­ry­lar. Da­şa­ry ýurt­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gyn­da tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­larlar. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de işe­wür du­şu­şyk­lar we beý­le­ki çä­re­ler ge­çi­ri­ler. Gaz kong­re­si­niň gu­ra­ma­çy­la­ry türk­men işe­wür­le­ri­ni gol­da­ma­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri üçin fo­ru­ma gat­naş­mak ba­bat­da aý­ra­tyn ýe­ňil­lik­li şert­le­ri göz öňün­de tut­du­lar. Türk­me­nis­ta­nyň X Hal­ka­ra gaz kong­re­si­ni gu­ra­mak işi­ne çe­ki­len hal­ka­ra mas­la­hat­çy­la­ryň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, şan­ly fo­rum tä­ze maz­mu­na eýe bo­lup, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­na ma­ýa goý­mak­da no­bat­da­ky ne­ti­je­li gu­ra­la öw­rü­ler.

Be­zir­gen RE­JE­POW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.