Be­ýik Ýe­ňiş in­di 74 ýyl bä­ri ýaş ne­sil­ler bi­len front­çy, sö­we­şi­ji we ty­lyň zäh­met­keş­le­ri bo­lan ýaşuly ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky bö­lün­mez hal­ka bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýur­du­myz­da uruş we­te­ran­la­ry aý­ra­tyn ün­s we ala­da­ bi­len gur­şa­lyp al­nan­dyr. Her ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan uruş we­te­ran­la­ry­na hem-de uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na pul sow­gat­la­ry­nyň we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ryň gow­şu­ryl­ma­gy hem asyl­ly dä­be öw­rül­di.
Uruş we zäh­met we­te­ran­la­ry Wa­ta­na ýü­rek­den hyz­mat et­me­giň gö­rel­de­si­ni gör­ke­zip, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän be­ýik öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar­lar. Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ene­ler hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek­de, ýaş­la­ry­my­za edep-ter­bi­ýe ber­mek­de, ola­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de, däp-des­sur­la­ry­my­zy wa­gyz-ne­si­hat et­mek­de görelde mekdebi bolup durýarlar.
Bi­ziň wa­tan­daş­la­ry­myz di­ňe front­da däl, eý­sem tyl­da hem gi­je-gün­diz zäh­met çek­ip, Ýeň­şe go­şant go­şup, wa­tan­çy­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­giň belent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Şol dö­wür­den bä­ri köp ýyl­lar geç­se-de, Wa­tan ug­run­da­ky sö­weş­ler­de türk­men ger­çek­le­ri­niň gör­ke­zen deň­siz-taý­syz gah­ry­man­çy­ly­gy hiç wagt unu­dyl­ma­ýar.

Ola­ryň yzyn­da ga­lan ze­nan­la­ry­myz we ene­le­ri­miz bol­sa, öý-oja­gy­ny aman sak­lap, we­pa­ly­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Şo­ňa gö­rä-de, gaý­duw­syz­lyk bi­len sö­we­şen we­te­ran­la­ry­myz, tu­tan­ýer­li zäh­met çe­ken ene­le­ri­miz hä­zir­ki ne­sil­le­ri­miz üçin Wa­ta­ny söý­me­giň we yn­san­per­wer­li­giň be­ýik mek­de­bi­ne öw­rül­di­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça uruş­lar­da we­pat bo­lan hem-de 1948-nji ýyl­da Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de şe­hit bo­lan wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ha­ty­ra­sy­na paý­tag­ty­myz­da “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my gu­rul­dy. On­da 1941-1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­da we­pat bo­lan Wa­tan ger­çek­le­ri­niň ha­ty­ra­sy­na “Ba­ky şöh­rat” we “Mil­le­tiň ogul­la­ry” ýa­dy­gär­lik­le­ri dö­re­dil­di.
Hal­ky­myz eziz Wa­ta­ny­my­zy go­ran Mil­li gah­ry­man­la­ry­ny hiç wagt unut­ma­ýar. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň äh­li front­la­ryn­da bi­ziň wa­tan­daş­la­ry­my­zyň müň­ler­çe­si deň­siz-taý­syz gaý­duw­syz­lyk, har­by bor­ja we­pa­ly­ly­gy­ny, Wa­ta­na yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­di­ler. Ola­ryň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem bar. Onuň ömür ýo­ly bu gün türk­men ýaş­la­ry üçin ha­ky­ky wa­tan­çy­ly­gyň hem-de bor­ja we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Mäh­ri­je­mal Ça­ry­ýe­wa,
A.Ke­ki­low adyn­da­ky
Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň
mu­gal­ly­my.