Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ulgama degişli bilim ojaklaryny tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrmak babatda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Bilim pudagynda gazanylýan ýokary derejedäki ösüşler mekdep okuwçylarynyň halkara bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri bilen has belent sepgitlere çykýar. Döwrebap hem-de kämil bilim ýoluna düşen türkmen ýaşlary halkara bäsleşiklerinde gowy netijeler gazanyp, ýaşyl Tugumyzy al-asmana göterýärler.
Şu ýylyň 20-28-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde himiýa dersi boýunça Halkara Mendeleýew bäsleşigi geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bilim bäsleşikleriniň arasynda Halkara Mendeleýew bäsleşigi iň görnüklileriniň biridir. Bu ýyl bäsleşik 53-nji gezek geçirildi. Bu gezekki bäsleşige Türkmenistan, Russiýa, Belarus, Ukraina, Bolgariýa, Wengriýa, Rumyniýa, Horwatiýa, Türkiýe, Gazagystan, Azerbaýjan, Täjigistan, Ermenistan, Özbegistan, Ysraýyl, Hytaý, Çehiýa, Slowakiýa, Saud Arabystany ýaly 29 döwletden mekdep okuwçylarynyň 150-si gatnaşdy. Halkara Mendeleýew himiýa bäsleşiginde 3 tapgyryň netijesi boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Jumaýew kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medala Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 9-njy synp okuwçysy Berdigylyç Rejepbaýew hem-de şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Atabaý Allamyradow dagy mynasyp boldular. Mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Kerwen Gadamow bäsleşigiň höweslendiriji baýragy bilen sylaglandy.
* * *
Golaýda Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde «INFOMATRIX – 2019» atly halkara taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Türkmenistan, Rumyniýa, Hytaý, Russiýa, Belarus, Makedoniýa, Meksika, Ukraina, Indoneziýa, Bosniýa, Ekwador, Çehiýa, Kolumbiýa ýaly ýurtlardan gelen ýokary synp okuwçylarynyň 800-e golaýy on bir ugur boýunça bäsleşdiler. Türkmenistanly okuwçylaryň bu bäsleşikde 29 medala mynasyp bolmagy, hakykatdan-da, guwandyryjy netijedir. Halkara taslama bäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäherindäki mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň 30-sy gatnaşdy. Bu bäsleşikde Aşgabat şäherindäki dil dersleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 87-nji we 97-nji orta mekdepleriniň, Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy orta mekdebiň, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji orta zehinli ýaşlar mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebiň okuwçylary baýrakly orunlary eýelediler.
Halkara bäsleşikde türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň baýraksyz galany ýok. Biz hem ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladan zehinli okuwçylarymyzy bu gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.