Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýur­du­myz­da ulag ul­ga­my­ döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ugur­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da köp şa­ha­ly mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ge­çen ýyl iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­la­nan Ow­ga­nys­tan-Türk­me­nis­tan-Azer­baý­jan-Gru­zi­ýa-Tür­ki­ýe ugry bo­ýun­ça “La­pis La­zu­li” tas­la­ma­sy uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Bu ugur ar­ka­ly il­kin­ji ýük ker­wen­le­ri geç­di.

Hä­zir bol­sa, bu dost­luk­ly ýol­dan we­lo­si­ped­li ýö­riş al­nyp ba­ryl­ýar. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň we­lo­si­ped fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň gur­na­ýan ýö­ri­şi “Ag­zy­bir­lik we aba­dan­çy­lyk” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýär. Şu ýy­lyň 19-njy ap­re­lin­de ow­gan top­ra­gyn­da­ky Hy­rat şä­he­rin­den ba­dal­ga alan we­lo­si­ped ýö­ri­şi bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň çä­gin­den hem geç­di. Bu we­lo­si­ped ma­ra­fo­ny­na gat­naş­ýan ow­gan we­lo­si­ped­çi­ler to­pa­ry il­ki bi­len Ma­ry, soň­ra Ahal we­la­ýat­la­ry­nyň çä­gin­den ge­çip, Bal­kan we­la­ýa­tyn­a bar­dy­lar. Türk­men we ow­gan döw­let­le­ri­niň baý­dak­la­ry­ny par­la­dyp gel­ýän we­lo­si­ped­çi­ler ýo­luň ugrun­da­ky ýur­du­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri, şol san­da sport mak­sat­ly bi­na­lar bi­len ta­nyş­dy­lar.
“La­zu­rit ýo­ly” diý­lip at­lan­dy­ry­lan to­pa­ryň umu­my geç­me­li ýo­ly 4147 ki­lo­met­re ba­ra­bar. Olar bi­ziň ýur­du­myzd­na soň­ra Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­ri­ne şol ýer­de­nem Gru­zi­ýa­nyň üs­ti bi­len ma­ra­fo­nyň ahyr­ky no­ka­dy bo­lan Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na ba­rar­lar.
Ow­ga­nys­tan-Türk­me­nis­tan-Azer­baý­jan- Gru­zi­ýa-Tür­ki­ýe ulag ge­çel­ge­si ugur­daş bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, Azi­ýa yk­ly­my üçin yk­dy­sa­dy taý­dan has wa­jyp ge­çel­ge­le­riň bi­ri­dir. Hä­zir­ki za­man ulag dü­zü­mi­niň gur­lu­şy­gy we “La­zu­rit” ge­çel­ge­si­niň do­ly güý­jün­de he­re­ket et­me­gi ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň işi­niň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny üp­jün eder.

Hak­ber­di NU­RY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.