Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhy dünýäsi ýagşylyga, ajap umyt-arzuwlara beslenen halkymyz her bir mukaddeslige kalp öýünden orun berip ýaşaýar. Ajaýyp döwrümizde halkymyz üçin döredilýän şertler, asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamak üçin döredilýän mümkinçilikler raýatlarymyzda buýsanç duýgusyny oýarýar.
Halkymyz her ýylda umyt-arzuwlar bilen päkize asmanymyzda dogýan aýlaryň göwheri Remezan-Orazany garşylaýar. Däp bolup gelşi ýaly, Meret aýy tamamlanyp, Oraza aýy diýlende, ikindinara päkize asmanda tylla Gün ýaşar-ýaşmaz uçurlary çagalar we ýetginjekler gapy-gapy aýlanyp “Ýa ýaremezan” aýdyşyp, Remezan aýynyň gelendigini söýünjileýärler. Bu ajaýyp pursatlar ähli ýaşdakylaryň, esasan-da, altyn aşyk ýaly gursagy hyjuwly körpeleriň kalbyna tükeniksiz şatlygy bagyş edýär. Şeýlelikde, arzuw atyna atlanan çagalar bu pursatlaryň şatlygy bilen gurşalyp, ony daş-töwerege ýaýýarlar.
Remezan arap diliniň “ramag” sözünden bolup, “yssy” diýen manyny aňladýar. Ol köňül öýleriniň mähri bilen baglanyşyklydyr. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy bu mukaddes aýyň ajaplygyny şeýle beýan edipdir:
Ýylyň dört paslynda – on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn.
Oraza päklige, tämizlige çagyryşdyr. Bu aýyň dowamynda musulmanlar metjitlere ýygnanyp, tarawa namazlaryny okaýarlar. Ynsan durmuşynda bolup geçýän bu özgerişlikler onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, ahlak, edep, ynsanperwerlik sypatlarynyň kämilleşmegine getirýär. Bütin bir aýyň dowamynda meýletinlik bilen iýip-içmekden, nebisden ýüz öwürmek ynsan synasyna, kalbyna tämiz duýgulary bagyşlaýar. Oraza adamyň berhiz tutmaga doly ukyplydygyny äşgär edýär. Berhiz köp kesellerden dermansyz halas bolmakdyr. Adam berhiz tutsa, onuň saglygy hiç wagt peselmeýär. Remezan – Oraza aýynyň iň mübärek gijesi Gadyr gijesi hasap edilýär. Şonuň üçin oňa gijeleriň soltany diýilýär. Bu Oraza aýynyň ýigrimi altysyndan ýigrimi ýedisine geçilýän gijedir. Bu gijäniň gadyr-gymmaty, haýyrlydygy hakynda dürli taryhy çeşmelerde aýdylýar. Gadyr gijesinde türkmen halkymyz ata-baba gelýän düzgüne görä, mukaddes ojaklarynda nahar taýýarlap, goňşokara däbini ýöredip, birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligi, rysgal-döwletliligi dileg edýärler. Bu hoşniýetlilik ynsanlaryň göwünlerini bir-birine ýakynlaşdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz hemişe il agzybirligi, ýurt abadançylygy, raýatlarymyzyň eşretli, bolelin ýaşaýşy bilen bagly işleriň aladasy bilen ýaşaýar. Goý, Oraza aýynda biziň her birimiziň doga-dileglerimiz, arzuw-isleglerimiz hasyl bolsun! Halkyny Gün kibi çoýup, baky bagtyýarlyga ýetiren mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Serdar AKGAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.