Soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabatda dürli maksatly binalaryň, beýleki desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Bu işler ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini düýpli özgerdip, onuň gözelligine gözellik goşýar. Hususan-da, iri durmuş maksatly taslamalar tutuş şäheriň gurluşygyny öz içine almak bilen, paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.
Ýeri gelende aýtsak, şäheri toplumlaýyn esasda ösdürmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabadyň binagärlik taýdan köpugurly ösüşi şäheriň amatlylyk we ekologiýa derejesiniň baş şertini emele getirýär. Şäheriň çäklerinde awtomobil ulaglarynyň duralgalarynyň, hyzmat öýleriniň, degişli inženerçilik desgalarynyň, köp zolakly awtomobil köprüleriniň we her çatrykdaky goşmaça öwrümleriň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunlukda, ulag ýollarynyň ugrunda awtobus duralgalarynyň, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriniň, şeýle hem häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň döredilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň özenini düzýär. Paýtagtymyzyň esasy köçeleriniň biri bolan N. Andalyp köçesiniň durky düýpli täzelendi. Onuň ugrunda köp zolakly aýlawly ýollaryň, döwrebap yşyklandyryş ulgamynyň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Köçäniň iki tarapyndaky dürli maksatly binalaryň durky täzelenip, olaryň binagärlik keşbi häzirki zaman tejribesi esasynda abadanlaşdyryldy. N. Andalyp köçesiniň günorta çägindäki çatrygyň merkezinde oturdylan “Ýanardag” binasy bu ýoluň ugrunda ýerleşýän degişli binalaryň başyny başlaýar. Ol şäheriň N. Andalyp köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň çatrygynda ýerleşýär. N. Andalyp köçesi bilen “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň çatrygynda ýerleşýän bina “Zemin” diýlip atlandyryldy. Şeýlelik bilen, bu köçäniň tutuş ugrunda “Ebedilik”, “Alaw”, “Erkanalyk”, “Ösüş”, “Jebislik” ýaly binalar milli şähergurluşyk ýörelgesiniň häzirki döwürde mynasyp derejede kämilleşdirilýändigini äşgär edýär.
Aýratyn-da, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna degişli häzirki zaman desgalarynyň ýerleşdirilişine, ýollaryň we inženerçilik ulgamlarynyň çekilmegine täzeçil çemeleşmeler göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, şäherde milli gurluşyk tejribeleri bilen häzirki zaman binagärlik ýörelgeleriniň emele gelmegini üpjün edýär. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň çäginde döwrebap ýollar bilen bir hatarda, köp zolakly awtomobil köprüleriniň gurluşygyna möhüm orun degişlidir. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň şäher gurluşygyny häzirki döwrüň talabyna laýyk we ösen tejribeler bilen baglanyşykly alyp barmak boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Tawus Gurbanowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.