Ilkinji no­bat­da, ýat­maz­dan ozal iýil­me­li önüm­le­riň sa­na­wyn­dan ýag­ly, un­ly we süý­jüli önüm­le­ri­ çy­kar­yp, az ka­lo­ri­ýa­ly zat­lary iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Me­se­lem, ýag­syz süýt önüm­le­ri – do­rag we ýo­gurt. Bu önüm­ler­de adam ýa­tan wag­ty ýa­ra­maz tä­sir ed­ýän zat­lar ýok­dur. Ola­ryň dü­zü­min­dä­ki trip­to­fan we sink ami­no­kis­lo­ta­la­ry çalt öz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu önüm­ler­de ner­wi­ni ra­hat­lan­dyr­ýan mag­niý hem bar.
Dürli görnüşli maňyzlary iý­mek bo­lar. Olaryň dü­zü­min­dä­ki hi­mi­ki mad­da­lar nerw ul­ga­my­nyň işi­ni saz­la­şyk­ly alyp bar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ba­na­ny we ana­na­sy gi­je iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Bu iki önü­miň hem köp ka­lo­ri­ýa­ly­dy­gy mä­lim. Ýö­ne bu önüm­le­ri iýen wag­ty­ňyz bel­li bir çä­gi sak­la­ma­ly. Ola­ryň dü­zü­min­dä­ki se­ro­to­nin örän mö­hüm bo­lup, ol bagt­ly­ly­gyň we şa­dy­ýan­ly­gyň gar­mo­ny­dyr. Ol ada­myň ka­da­ly we go­wy uk­la­ma­gy­na kö­mek ed­ýär. Go­wy uk­la­mak üçin me­la­to­nin ge­rek bo­lup dur­ýar, ol hem di­ňe ga­raň­ky­da eme­le gel­ýär. Mu­nuň üçin hem se­ro­to­nin ze­rur­dyr.
Gi­je ýat­maz­dan öň şo­ko­lad, tur­şy, ra­fi­nir­le­nen önüm­le­ri iý­mek hem-de çaý we ko­fe iç­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Bu önüm­ler ýat­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­män, has köp iş­dä­ňi aç­ýar.

Muhammetemin GARATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.