Iki ýyl mun­dan ozal, dün­ýä­niň iki ki­çi res­to­ra­ny­nyň Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ko­pen­ga­gen­de ýer­leş­ýän­di­gi mä­lim edi­lip­di. Şä­he­riň Wes­terb­ro et­ra­byn­da 2,3×3 metr ulu­ly­gyn­da bir orunlyk res­to­ran he­re­ket ed­ýär­di. In­di bol­sa, bu şä­her­de baş­ga bir has ki­çi res­to­ran peý­da bo­lar.
Da­ni­ýa­nyň met­bu­gat ha­bar­la­ry­na gö­rä, “Res­tau­ran­ten 1:1” at­ly res­to­ran müş­de­ri­le­ri­ne hyz­mat etmäge gi­riş­ýär. Dün­ýä­niň iň ki­çi res­to­ra­ny­ny dö­ret­mek pi­ki­ri baş aş­pez Uil­ýam Mils­te­de de­giş­li­dir. Ol bu pi­ki­ri­ni “Ir­ma” söw­da mer­ke­zi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ama­la aşyr­ýar. Res­to­ran bir adam­lyk bo­lup, on­da di­ňe wag­ty­ňy na­har iý­mä­ge sarp et­me­li bo­l­ýar. Bu ýe­r­de müş­de­rä, ofi­si­an­ta we baş aş­pe­ze ýer bar.

Rahmanmyrat Akmammedow,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.