Birleşen Arap Emirlikleriniň “Meraas” kompaniýasy dünýäniň iň beýik synlaýyş meýdançasyny gurýar. Bu taslama 2020-nji ýylda Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisiniň çäklerinde ulanmaga berler. “Ain Dubai” synlaýyş çarhynyň beýikligi 250 metre deň bolar. Ol bu ugurdaky öňdebaryjy synlaýyş çarhlary bolan ABŞ-nyň Las-Wegas şäherindäki “High Roller” (167 m) we Beýik Britaniýanyň London şäherindäki “London Eye” (135 m) güýmenje desgalaryndan öňe saýlanar.
Gurluşygy amala aşyrýan kompaniýa desganyň gurluşyk işini ýokary depginde alyp barýar. Onuň gurluşygy üçin 9000 tonna polat ulanylýar. Ol Eýfel diňinde ulanylan polatdan 25 göterim köpdür. Bu desga “Bluewaters Island” emeli adasynda ýerleşýär. Bu emeli ada hem “Meraas” kompaniýasy tarapyndan döredildi. Bu ýerde şäher durmuşynyň sazlaşygy emele getirildi. Şeýle hem ol ýerde köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda “5 ýyldyzly” myhmanhanalar hem bolar.
Rozymurat ERSARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.