AFK Kubogynda ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” toparçadaky 3-nji duşuşygyny geçirdi. Ildeşlerimiz myhmançylykda Täjigistanyň “Hujand” topary bilen duşuşyp, bu oýunda-da deňme-deň oýnady. Golsuz geçen oýun “Altyn asyryň” toparçadaky 3-nji deňlikde tamamlanan duşuşygy boldy. Saud Arabystanydan Halid Al-Turaisiň jürlewük çalan oýnuna 5200 janköýer tomaşa etdi. Oýunda iki tarap hem eden hüjümlerinden netije gazanyp bilmedi. Şeýlelikde, oýun 0–0 hasabynda deňlikde tamamlandy. Toparçadaky beýleki oýunda bolsa, Täjigistanyň “Istikloly” Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” toparyndan 4–1 üstün çykdy. Eýýäm 1-nji ýarymda 2 penalti goly bilen öňe saýlanan ýer eýeleriniň adyndan Alişer Jalilow (15 p), Fathullo Fathulloýew (43 p), Mihaýlo Sakiç (49) hem-de Şahrom Samiýew (81) tapawutlandy. Gyrgyz toparynyň ýeke-täk pökgüsini bolsa, 50-nji minutda Mirlan Murzaýew öz adyna ýazdyrdy.
3-nji duşuşyklardan soň, “Istiklolyň” 7, “Hujandyň” 4, “Altyn asyryň” 3, “Dordoýyň” 1 utugy bar. Nobatdaky duşuşyklar 15-nji maýda oýnalyp, şonda “Altyn asyr” “Hujandy”, “Dordoý” “Istikloly” kabul eder.