Ýa­rym fi­na­lyň beý­le­ki oý­nun­da “Bar­se­lo­na” “Kamp Nou­da” ge­çen ýy­lyň fi­nal­çy­sy “Li­wer­pu­ly” ka­bul et­di. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oýun­da “Bar­se­lo­na” güýç­li gar­şy­da­şy­ny 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, fi­na­la çyk­mak ug­run­da uly­ müm­kin­çi­lik ga­zan­dy. 26-njy mi­nut­da Al­ba­nyň pa­syn­dan soň, to­pa aýa­gy­ny degrip ýe­ti­şen Lu­is Sua­res ha­sa­by aç­dy. Şon­dan soň, oýun­da dep­gi­ni has-da güýç­len­di­ren “Li­wer­pul” Ma­ne, Mil­ner, Sa­lah ýa­ly oýun­çy­la­ry bi­len ha­sa­by deň­le­mä­ge go­laý ge­len hem bol­sa, bu ola­ra ba­şart­ma­dy. 2-nji ýa­rym­da-da oý­nuň jy­la­wy myh­man­la­ryň elin­de bol­dy. To­py öz meý­dan­ça­syn­da ka­bul edip, gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­ler bi­len oý­nan “Bar­se­lo­na” 75-nji mi­nut­da ha­sa­by 2–0-a ýe­tir­di. Sua­re­siň ur­gu­syn­dan soň, sü­tü­ne de­gip, yzy­na gaý­dan to­py to­ra gi­riz­mek Lio­nel Mes­sä kyn düş­me­di. Şol gol­dan 6 mi­nut soň, der­we­ze­den 26 metr uzak­lyk­da bel­le­nen je­ri­me ur­gu­sy­ny “do­kuz­ly­ga” gö­nük­di­ren Lio­nel Mes­si “Bar­se­lo­na­da­ky” 600-nji go­lu­ny öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şon­dan soň iň bol­man­da bir gol di­ýen umyt bi­len hü­jü­me ge­çen “Li­wer­pul­da” to­pa­ryň ýyl­dy­zy Mo­ha­med Sa­la­hyň ur­gu­sy sü­tü­ne de­gip, yzy­na gaýt­dy.

600-nji gol
To­pa­ry­na uly ta­pa­wut­ly ýe­ňiş ge­ti­ren Lio­nel Mes­si 600 go­la 683 du­şu­şyk­da ýet­di. Mun­dan 14 ýyl ozal, has ta­ky­gy 2005-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da “La Li­ga­da” “Al­ba­se­te” to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den il­kin­ji go­lu­ny ge­çi­ren Mes­si 600-nji pök­gü­si­ni hem ýe­ne-de 1-nji maý­da to­ra gi­riz­di. Mes­si iň­lis klub­la­ry bi­len 33-nji du­şu­şy­gyn­da 26 gol ge­çir­di. Ol şu du­şu­şy­ga çen­li “Li­wer­pu­lyň” to­run­dan gol ge­çi­rip gör­män­di.

“Li­wer­pu­la” ge­rek ne­ti­jä­ni
di­ňe “Bar­se­lo­na” ba­şa­ryp­dyr
Bu du­şu­şy­gyň jo­gap oý­ny 7-nji maý­da “An­fild “Ro­ad­da” oý­na­lar. Şol oýun­da ýer eýe­le­ri “Li­wer­pul” jo­gap­syz 3 go­luň öwe­zi­ni dol­mak üçin bar güý­jü­ni aýa­man hü­jüm ba­ry­ny eder. Eý­sem, mun­dan öň şu ýa­ryş­da ýa­rym fi­nal­da 1-nji oýun­da 3-–0 utu­lyp, fi­na­la çy­kan to­par bar­my­ka? As­lyn­da, mu­ny ba­şa­ran ýe­ke to­par bo­lup, ol hem “Bar­se­lo­na­dyr”. Ka­ta­lon­lar 1985/86 möw­sü­min­de myh­man­çy­lyk­da “Gýo­te­borg” (Şwe­si­ýa) 3–0 utu­lyp, jo­gap oý­nun­da-da şol ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­zan­ýar. Pe­nal­ti­ler­de ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zen is­pan to­pa­ry fi­nal­da pe­nal­ti­ler­den soň, “Stýaua­dan” as­gyn gel­ýär. 1970/71 möw­sü­min­de “Srwe­na Zwez­da” öz meý­dan­ça­syn­da “Pa­na­ti­nai­ko­sy” 4–1 ýeň­se-de, myh­man­çy­lyk­da-da 3–0 utu­lyp, fi­na­la çy­kyp bil­me­ýär.