“Bar­se­lo­na Açyk” ten­nis ýa­ry­şyn­da awst­ri­ýa­ly Do­mi­nik Tim kar­ýe­ra­syn­da­ky 13-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. 25 ýaş­ly ten­nis­çi fi­nal­da rus­si­ýa­ly Da­ni­il Med­we­dew­den üs­tün çyk­dy. 1-nji set­de 6:4, 2-nji set­de-de 6:0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Tim şu ýyl “In­di­an Wells Mas­ters” ýa­ry­şyn­da-da çem­pi­on bo­lup­dy. Awst­ri­ýa­ly ten­nis­çi ýa­rym fi­nal­da bu ýer­de 11 çem­pi­on­lyk ga­za­nan Ra­fa­el Na­dal­dan 2:0 (6:4, 6:4) üs­tün çy­kyp­dy.
Ger­ma­ni­ýa­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän “Ştut­gart Açyk” “Porsche Gran Prix” ten­nis ýa­ry­şyn­da çe­hi­ýa­ly Pet­ra Kwi­to­wa ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol fi­nal­da es­to­ni­ýa­ly Anett Kon­ta­weý­ti 6:0 we 7:6 ha­sap­lar bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Bu Kwi­to­wa­nyň şu ýyl­ky 2-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 27-nji ýeň­şi­dir. Ýe­ňi­jä 107 müň ýew­ro möç­be­rin­dä­ki pul sy­la­gy bi­len bir ha­tar­da, “Porsche” aw­tou­la­gy hem gow­şu­ryl­ýar.
* * *
Möw­sü­miň 3-nji “Uly tu­wul­ga” ten­nis ýa­ry­şy “Wimb­le­do­nyň” gu­ra­ma­çy­sy “All Eng­land Club” şe­re­ke­ti bäs­le­şi­giň pul baý­ra­gy­nyň 11,8 gö­te­rim art­dy­ry­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Şun­luk­da, umu­my baý­rak gaz­na­sy 38 mil­li­on funt ster­lin­ge çy­ka­ry­lan ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne aý­ra­tyn­lyk­da, 2,35 mil­li­on funt ster­ling ber­ler. Şu ýyl 133-nji ge­zek gu­ral­jak ýa­ryş 1-14-nji iýul ara­ly­gyn­da Lon­don­da ge­çi­ri­ler.

“Mercedes” to­pa­ry­nyň
sü­rü­ji­le­ri ge­zek berenok

For­mu­la 1 bo­ýun­ça şu möw­süm­de “Mercedes” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­riniň üs­tün­li­gi do­wam ed­ýär. Il­kin­ji ýa­ryş­da Walt­ter Bot­tas, soň­ky iki­sin­de bol­sa, Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňi­ji bo­lup­dy. Ine, bu sa­par hem ýe­ňiş ga­zan­mak ge­ze­gi Bot­ta­sa gel­di. For­mu­la 1 bo­ýun­ça Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len möw­sü­miň 4-nji “Gran Pri­sin­de” “Mercedes” to­pa­ry­nyň fin sü­rü­ji­si Walt­te­ri Bot­tas ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 1-nji ha­tar­dan baş­lan ýa­ry­şyn­da 51 aý­la­wy (306,049 km) 1 sa­gat 31 mi­nut 52,942 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 5-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ikin­ji bo­lup pel­le­ha­na­dan ug­ran şol to­pa­ryň bri­tan sü­rü­ji­si Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňi­ji­den 1,524 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň ne­mes sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Wet­tel bol­sa, 3-nji bo­lup ýa­ry­şy ta­mam­la­dy. Şun­luk­da, ge­çi­ri­len 4 ýa­ryş­dan soň, Walt­te­ri Bot­tas utu­gy­ny 87-ä ýe­ti­rip, 1-nji or­na geç­di. On­dan 1 utu­gy az Ha­mil­ton 2-nji bas­gan­ça­ga düş­di. 4-nji ýer­dä­ki Maks Wers­tap­pen­den 1 utuk öňe saý­la­nan Se­bas­ti­an Wet­tel 3-nji or­na çykdy. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy Is­pa­ni­ýa “Gran Pri­si” 12-nji maý­da Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­ler.

Lon­don ma­ra­fo­nyn­da
ke­ni­ýa­ly­lar ýe­ňiş ga­zan­dy

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len Lon­don ma­ra­fo­nyn­da ke­ni­ýa­ly yl­gaý­jy­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da ke­ni­ýa­ly Eliud Kip­ço­ge 2 sa­gat 2 mi­nut 37 se­kunt­da pel­le­ha­na ge­lip, bu ýer­de 4-nji ge­zek çem­pi­on bol­dy. 2015-nji, 2016-njy we 2018-nji ýyl­lar­da-da ýe­ňiş ga­za­nan Kip­ço­ge Lon­don ma­ra­fo­nyn­da 4 ge­zek çem­pi­on­ly­ga ýe­ten il­kin­ji er­kek tür­gen bol­dy. Kip­ço­ge­den 18 we 39 se­kunt yza ga­lan efio­pi­ýa­ly tür­gen­ler Mo­si­net Ge­re­mew bi­len Mu­le Wa­si­hun de­giş­li­lik­de, 2-nji-3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Grin­wiç­den baş­lap, Bu­kin­gem köş­gü­niň öňün­de ta­mam­la­nan ýa­ryş­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da ke­ni­ýa­ly Bri­gid Kos­gei 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ge­çen ýyl­ky ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri eýe­län tür­gen 2 sa­gat 18 mi­nut 20 se­kunt­da pel­le­ha­na­dan geç­di. Ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny, baş­ga bir ke­ni­ýa­ly Wi­wi­an Çe­rui­ýot ýe­ňi­ji­den 1 mi­nut 54 se­kunt gi­jä ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Mün­be­riň 3-nji­lik bas­gan­ça­gy­na bol­sa, efio­pi­ýa­ly Ro­za De­re­je çyk­dy.

Noý­will öň­de­li­gi sak­la­ýar

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 5-nji ýa­ry­şy Ar­gen­ti­na­da ge­çi­ril­di. 347,50 ki­lo­metr ara­ly­gy 3 sa­gat 20 mi­nut 54,6 se­kunt­da ta­mam­lan “Hy­un­dai Shell” to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly sü­rü­ji­si Ti­er­ri Noý­will ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si bol­dy. Bas­syr 2-nji ýeň­şi­ni ga­za­nan Noý­will kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 11-nji sa­par mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. To­pa­ryň baş­ga bir sü­rü­ji­si, nor­we­gi­ýa­ly And­re­as Mik­kel­sen 2-nji, “Cit­ro­en To­tal” to­pa­ry­nyň fran­si­ýa­ly meş­hur pi­lo­ty Se­bas­ti­an Ožie bol­sa, 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Ta­mam­la­nan 5 ýa­ryş­dan soň, 110 utuk­ly Ti­er­ri Noý­will umu­my sa­naw­da bi­rin­ji­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär. 2-3-nji ha­tar­lar­da­ky Se­bas­ti­an Ožie bi­len Ott Ta­na­kyň de­giş­li­lik­de, 100 we 82 utu­gy bar. Möw­sü­miň no­bat­da­ky ýa­ry­şy 9-12 maý ara­ly­gyn­da Çi­li­de ge­çi­ri­ler.

Eý­ran­ly päl­wan­la­ryň üs­tün­li­gi

Gö­reş bo­ýun­ça Hy­ta­ýyň Si­an şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 38-nji Azi­ýa çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. Tür­gen­ler 5 gün­läp do­wam eden ýa­ryş­lar­da 3 gör­nüş­de (er­kek­ler er­kin, er­kek­ler grek-rim, ze­nan­lar er­kin) öza­ra bäs­leş­di­ler. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da yk­ly­myň iň öň­de­ba­ry­jy­la­ry ha­sap­lan­ýan eý­ran­ly päl­wan­lar 1-nji or­ny eýe­le­di­ler. Olar 11 al­tyn, 6 kü­müş me­da­la my­na­syp bol­du­lar. 5 al­tyn, 5 kü­müş hem-de 6 bü­rünç me­dal ga­za­nan hy­taý­ly­lar 2-nji bo­lup, çem­pio­na­ty ta­mam­la­dy­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik eden päl­wan­lar 4 al­tyn, 7 kü­müş we 6 bü­rünç me­dal ga­za­nyp, 3-nji or­ny eýe­le­di­ler. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ýa­ryş­lar­da al­tyn me­dal­la­ryň 4-si­ni hy­taý­ly­lar, 4-si­ni hem ýa­pon­lar al­ma­gy ba­şar­dy.

Ýaş­la­ryň ara­syn­da “Por­to”

UEFA Ýaş­lar li­ga­syn­da “Por­to” to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Por­tu­gal to­pa­ry fi­nal­da “Çel­si­ni” 3-1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, il­kin­ji ge­zek çem­pi­on bol­dy. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Ni­on şä­he­rin­de oý­na­lan fi­na­lyň 17-nji mi­nu­tyn­da Wie­ra ha­sa­by aç­dy. 53-nji mi­nut­da iň­lis to­pa­ry­nyň oýun­çy­sy Re­dan ha­sa­by deň­le­di. 55-nji we 75-nji mi­nut­lar­da Kuei­roş hem-de Sou­sa­nyň gol­la­ry “Por­to” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­di. “Çel­si” bas­syr 2-nji gez­ke fi­nal­da utul­dy. 6-njy ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da “Bar­se­lo­na” (2014, 2018), “Çel­si” (2015, 2016) 2, “RB Sals­burg” (2017) 1 sa­par çem­pi­on bol­dy.

Ýarym finalçylar belli boldy

Bas­ket­bol bo­ýun­ça yk­ly­myň iň uly klub ýa­ry­şy bo­lan Ýew­ro­li­ga­da ýa­rym fi­na­la çy­kan klub­lar bel­li bol­dy. “Pa­na­ti­nai­ko­sy” 3 oýun­da ýe­ňen soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” ýa­rym fi­nal­da Mosk­wa­nyň SSKA-sy bi­len du­şu­şar. SSKA 4 du­şu­şy­gyň ne­ti­je­sin­de Is­pa­ni­ýa­nyň “Ki­rol­bet Bas­ko­ni­ýa” to­pa­ry­ny ýe­ňip­di. Ýa­rym fi­na­lyň beý­le­ki du­şu­şy­gyn­da 2 türk to­pa­ry wi­se-çem­pi­on “Fe­ner­bah­çe” bi­len 18 ýyl­dan soň “Fi­nal Fo­ur”-a ýol­lan­ma ga­za­nan “Ana­do­lu Efes” du­şu­şar. “Fe­ner­bah­çe” çär­ýek fi­nal­da “Žal­gi­ri­si” 3:1, “Ana­do­lu Efes” bol­sa, “Bar­se­lo­na­ny” 3:2 ýeň­di. “Fi­nal Fo­ur” du­şu­şyk­la­ry 17–19-njy maý ara­ly­gyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň Wi­to­ri­ýa-Gas­teýs şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.